Kaliforniýadaky Ýangynlar Dowam Edýär

Kaliforniýadaky Ýangynlar Dowam Edýär

Resmiler hepdäniň ahyrynda başlan “Jaldor” ýangynynyň Sierra Newada tarap süýşýändigini we zyndan 50 öýüň ýanandygyny beýan etdirler.

Ştatda ýerleşýän elektrik firmasy “Pasifik Gas-Elektrik” ýangyna garşy görülen çärelere laýyklykda Kaliforniýanyň demirgazygyndaky ilatly ýerlerden 18 sanysynyň elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.

Elektrik togunyň 51 müň hojalykda kesilendigi mälim edildi.

Kaliforniýanyň demirgazyk günbatarynda 14-nji iýuldan bäri dowam edýän “Dixie” ýangynynda bolsa häzirki wagta çenli 200 müň gekdardan gowrak tokaý meýdany ýandy.

Ýangyn sebäpli 800 hojalykly ştatyn demirgazygynda ýerleşýän gtaryhy Grinwill etrapçasy dolulygyna ýanyp, kül bolupdy, 180-den gowrak bina hatardan çykypdy.

“Dixie” ýangyny ştatyň taryhynda iň uly göwrümli ýangynlardan biri hökmünde bellige alyndy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Aşa Yssy Howa Sebäpli 27 Adam Ýogaldy
Kaliforniýadaky Tokaý Ýangynlary 21 Günden Bäri Dowam Edýär
Ugas Pakiýaony ýeňlişe sezewar etdi
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady