Kaliforniýadaky Tokaý Ýangyny ABŞ-nyň Taryhyndaky İň Weýrançylykly Betbagtçylyk Bolar

Kaliforniýadaky Tokaý Ýangyny ABŞ-nyň Taryhyndaky İň Weýrançylykly Betbagtçylyk Bolar

Los Anželesdäki tokaý ýangynlary ykdysady ýitgileriň 50 milliard dollara golaýlamagy we ozalky çaklamalardan tas iki esse ýokarda bolmagy sebäpli ABŞ-nyň taryhynyň iň gymmat düşen betbagtçylygy bolar.

Ätiýaçlandyryşly ýitgileriň 20 milliard dollardan geçjekdigi beýan edilen bolsa, ýangyn söndürilmese ýitgiler hasam agyrlaşar.

Ýangyn sebäpli ýogalanlaryň sany 7 adama ýetdi.

Prezident Jo Baýden ýangynlary Kaliforniýanyň taryhynyň iň pajygaly ýangynlary diýip häsýetlendirdi we goşmaça fedaral goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Ilkinji habarnamalar wakanyň 12,5 milliard dollarlyk ätiýaçlandyryş ýitgisine sebäp bolan 2018-nji ýyldaky Kem Faýr ýaly ýangyn betbagtçylygy bilen deňeşdirilýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi
Los-Anželesdäki ýangynlarda çekilen ýitgi 250 milliard dollardan geçer
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
ABŞ Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär
ABŞ Ýangynlara Garşy Göreşýär
ABŞ-daky tokaý ýangynynda 5 adam ýogaldy