2023-nji ýylyň iýun aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Röwşen Akynyýazowyň, Nursähet Eýeberenowyň, Azat Taganowyň hem-de Öwezmuhammet Akmuhammedowyň “Kalbymyň owazy” atly toparlaýyn döredijilik sergisi açyldy.
Sergide suratkeşleriň 150-den gowrak nakgaşçylyk, grafika we dizaýn eserleri görkezildi.Foto hem dizaýn suratkeşi Röwşen Akynyýazowyň “Ýüpek ýoly”, “Ak maýa”, “Keýikokara”, “Narlar”, “Tebigatyň illýuziýasy” ýaly köp öwüşginli eserleri durmuşyň tebigatyň gyzykly pursatlaryny şöhlelendirýär.
Döwrebap türkmen grafika sungatynda aýratyn orun eýeleýän grafikaçy suratkeş Nursähet Eýeberenowyň “Magtymguly Pyragy”, “Aýly agşam”, “Maslahat”, “Tebigat” ýaly eserleri, şeýle-de şahyrdyr ýazyjylaryň döreden kitaplarynyň surat bezegleri çuň mazmunlylygy bilen tapawutlanýar.
Zehinli suratkeşler Azat Taganowyň “Edip şa”, “Şemalyň owazy”, “”Dostluk”, “Galkynyş”, “Gadymy äheňler” eserleri, şeýle-de Öwezmuhammet Akmuhammedowyň “Şaýly gelin”, “Agşamky söhbetdeşlik”, “Kalbymyň owazy”, “Sazlaşyk”, “Türkmenler” eserlerinde awtorlaryň pelsepewi garaýyşlary, oý-hyýallary üstünlikli ýüze çykarylýar.
Suratkeşleriň sungatyň dürli ugurlary boýunça döreden täsirli eserleri özara utgaşykly sazlaşyp, gaýtalanmajak gözelligi emele getirdi.