Türkmenistan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ýaş nesilleriň ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepilidir.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys diýip belläp geçdi.
Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ruhubelentligiň we zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirkizaman orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara halkara derejesinde bilim we terbiýe bermäge, olaryň durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlar hem özleri hakynda edilýän alada mynasyp jogap bermek bilen, öz bilimlerini, zehinlerini we ukyplaryny mähriban Diýarymyzyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýarlar.
Olar ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine eýerip, watançylygyň, zähmetsöýerligiň we wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýärler.Bagtyýar ýaşlaryň häzirki we geljekki eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Osman Aşyrow,
Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň Ýaşlar guramasynyň başlygy.