Kakasy gyzynyň oturtma kirpiklerini düşdüşdir öýtdi

Kakasy gyzynyň oturtma kirpiklerini düşdüşdir öýtdi

Beýik britaniýaly öz gyzynyň oturtma kirpiklerini düşdüşdir öýtdi diýip, Mirror neşiri habar berýär.Erkek kişiniň özüni alyp barşy bütin maşgalasyny hem-de sosial ulgamdan peýdalanyjylary gülmäge mejbur etdi.

Altmyş dokuz ýaşly Pit Robinson öýünde suwa düşülýän wannany bejerip ýörkä, penjiräniň öňünde geň zada gözi düşdi.Golaýdan synlap, ony ullakan möýdür öýtdi, gaçmazlygy üçin üstüne stakan ýapyp goýdy hem-de işi bilen boluberdi.

Erkek kişiniň Jen atly gyzy kakasynyň nämedir bir zady stakanyň aşagynda gizländigini gördi we gelip ony synlap güldi. Görlüp oturylsa, kakasy onuň oturtma kirpiklerini düşdüş öýden ekeni.

Men stakanyň aşagynda näme bar, kaka? diýip soradym. Ol: Bilemok, öz-ä bir mör-möjek tutdum diýdi. Meniň gülüp gözüm ýaşaryp gitdi diýip, Jen gürrüň berdi.

Oňaýsyz ýagdaýa düşendigini bilensoň, Robinsonyň özi hem güldi. Jen bolsa wakany köpleriň bilmegini isläp, ol barada sosial ulgamda gürrüň berdi.

Siziň kakaňyz degişgen adam ekeni diýip, ulgamdan peýdalanyjylar seslendiler. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Mask Breksitin tarapdary Nigel Faraža berýän goldawyny yzyna çekene meňzeýär
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
Dabaraly duşuşyk
Kitap barada täsin maglumatlar
“Milany” ýeňen “Inter” finalda
Moskwanyň Golaýynda 1 Dik Uçar Ýere Gaçdy