Kakaonyň bahasy soňky ýedi ýylda iň ýokary derejä ýetdi

Kakaonyň bahasy soňky ýedi ýylda iň ýokary derejä ýetdi

Kakaonyň global bahalary ýokarlanýar we bu bolsa şokolad öndürjilerine göniden-göni täsir edýär. Bu barada “CNN Business” penşenbe güni habar berdi.

Global kakao hasyly howa şertleri, ekinleriň ýaramaz ýagdaýy we güýçli ýagyş sebäli ejir çekýär. Emma ýetmezçilige garamazdan, esasan hem Ýewropa bilen Aziýa ýurtlarynda kakao önümlerine bolan isleg ýokarlanýar. Netijede, şu ýyl kakaonyň bahasy 21 göterim ýokarlandy. Bu bolsa üpjünçiligiň islegi kanagatlandyryp bilmejekdigini görkezýär.

Ösümlik kesselleri we güýçli ýagyş sebäpli häzirki möwsümdäki kakao hasyly örän pes bolup, indiki möwsüm tropiki Ýuwaş Ummanyň “El Niño” howa hadysasy sebäpli hasam erbet bolup biler diýlip garaşylýar. Bu önümi dünýäniň iň köp öndürijisi bolan Piliory kenarynda güýçli ýagyşyň we çygly howanyň ösümlik keselleriniň döremek ähtimallygyny ýokarlandyrýandygy sebäpli ýaz we güýz hasylyny has hem yza süýşirip biler.

Halkara Kakao Guramasynyň aprel aýyndaky hasabatynda önümçiligiň azalmagy sebäpli 2022-2023-nji ýyllarynyň kakao möwsüminde üpjünçilik ýetmezçiligi çaklanylýar. Ösümlik keseli zerarly kakao hasylynyň ýakyn aýlarda hem ejir çekmegini dowam etdirer diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Aşgabatdaky City Business School mowzuklaýyn işewürlik ertirligini guraýar
Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçy
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
City Business School üstünlikli satuwyň guraly hökmünde karz mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligine çagyrýar