Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy

Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy

Birmingem uniwersitetiniň alymlary kakao flawanollarynyň damar funksiýasynyň stresli üýtgemelerine edýän täsirini öwrenmek maksady bilen, ylmy barlag geçirdiler. Ylmy işiň netijeleri Nutrients neşirinde çap edildi diýip, msn.com habar berdi.

Anyklanylmagyna görä, kakao stresi ýeňilleşdirýän içgi bolup çykdy. Alymlaryň maglumatlaryna görä, psihiki stres mahaly meýletinçilere ýokary derejeli flawanolly kakao içgisi berlende, gan damarlary öz işini has talabalaýyk ýerine ýetirýärler.

Şeýle-de alymlar alma, gara üzüm, böwürslen, ülje, malina, noýba we gök çaý ýaly beýleki iýmitleriň hem flawanollara baýdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Uçarda doglan çaga haýsy ýurduň raýaty bolar?
Britaniýada on ýyl mundan öň ýiten pişik tapyldy
Garri Potter baradaky filmiň prokata çykan güni baýram ediler
Ýewropanyň köp ilatly şäherleri
Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylary ýükleri babatda wagtlaýyn bölekleýin konsepsiýa geçdi
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär