Kakanyň galla meýdanynda dörän ýangyn onlarça gektar ýerde ýetişen bugdaý hasylyny ýok etdi

Kakanyň galla meýdanynda dörän ýangyn onlarça gektar ýerde ýetişen bugdaý hasylyny ýok etdi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kürengala daýhan birleşigindäki galla meýdanynda ýangyn döredi. Ýangynyň netijesinde, onlarça gektar ýerde ýetişen bugdaý hasyly doly ýanyp, kärendeçileriň uly maddy zyýan çekmegine sebäp boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“13-nji iýunda dörän ýangyn gysga wagtyň dowamynda onlarça gektar meýdana ýaýrady. Adam pidasy bolmady. Ýöne gallaçy kärendeçileriň tutuş ýyl çeken azaplary weýran boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli kärendeçi daýhan anonim şertde gürrüň berdi.

Kärendeçileriň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, ýangynyň döremegine galla hasylyny ýygyp almak üçin oba hyzmat birleşigi tarapyndan iberilen kombaýndan çykan uçgun sebäp bolupdyr.

Bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanda galla oragy möwsümi dowam edýär. 31-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 14-nji iýunda galla oragyna girişmek kararlaşdyryldy.

Kärendeçiler “tehniki näsazlygyň netijesinde dörän ýangynyň öwezini dolmak üçin” kömek sorap, ýerli oba hojalyk resmilerine ýüzlenendiklerini, ýöne olaryň özlerine ýardam bermegiň deregine, özlerini hadysanyň jogapkäri hökmünde aýyplaýandygyny aýdýarlar.

“Ýerli resmiler “meýilnamanyň dolmajagyny bilip, bilkastlaýyn özüňiz ýakyp, öňünden gaçyp eden işiňiz bolmaly” diýip, bizi aýyplaýarlar. Sebäbi olar kombaýnda kemçilik tapyp, sürüjä günä bildirse, onda ýeten zyýany iş berijiniň, ýagny oba hyzmat birleşiginiň tölemeli bolýandygyny bilýärler. Şol sebäpli kärendeçini günäkärleýärler” diýip, kärende ýeri ýanan daýhanlaryň biri anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Habarçymyz takyk näçe gektar meýdanyň ot alandygyny, kärendeçileriň takmynan näçe manat möçberinde maddy zyýan çekendigini hem häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýöne ol ekerançylyk meýdanlarynda ýangynyň döremegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýylyň-ýylyna gaýtalanýandygyny aýdýar.

Kärendeçileriň ençemesi bulara oba hyzmat birleşiginiň kombaýnlaryndaky we traktorlaryndaky tehniki näsazlyklaryň sebäp bolýandygyny belleýär.

“Kombaýnyň ses gaplaýanynyň turbasyndan çykýan tütün we hereketlendirijiniň generator we dolandyryjyny güýçlendirýän agregatorlary herekete getirmäge baglaýan kemeriň gyzmagy netijesinde, her ýyl ekin meýdanlarynda uly ýangynlar döreýär” diýip, kakaly kärendeçi belledi.

Galyberse-de, ol häkimiýetleriň tas hemişe ýangynlaryň jogapkäri hökmünde kärendeçileri aýyplaýandygyny aýdýar.

“Galla hasyly ýanyp, uly maddy zyýan çeken kärendeçiler baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan mukdardaky gallanyň tölegini hökümete geçirmäge mejbur bolýarlar” diýip, kakaly kärendeçi belledi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda kärendeçi daýhanlaryň bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Ýöne ne häkimiýetler, ne-de ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ekerançylyk meýdanlarynda döreýän ýangyn hadysalary we bularyň kärendeçi daýhanlara ýetirýän täsirleri barada mesele gozgaýarlar.

Türkmenistanda şu ýyl 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Bu hasylyň 400 müň tonnasyny Ahal welaýatyndan ýygnap almak meýilleşdirilýär. Bu, ýurt boýunça iň uly görkezijidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gallaçy daýhanlar özleriniň kärende ýerleriniň esassyz ellerinden alynýandygyny aýdýarlar
Mary: Agyr ýagyşlar ýeralma ekinine zyýan ýetirdi
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy
Lebaply kärendeçiler ekin meýdanlaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna suwarýar
Aşa yssydan soň gelen sowuk ekinleri urup zaýalady