Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr Ysparta welaýatynda fabrikleriň biriniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Derňew we ylmy barlag çykdajylaryny 1,2 milliard dollardan 12 milliard dollara ýetirendiklerini belläp: "Senagat pudagynda işleýän zähmetkeşlerimiziň sany 3 million 900 müňden 6 milion 700 müňe ýetdi.
Sany 191-den 360-a ýeten guramaçylykly senagat zolaklary we döreden 45 senagat zolagy Türkiyäniň önümçilik merkezleri ýagdaýyna öwrüldi" diýip habar berdi.
Awtoulag önümçiliginiň ýyllyk 357 müňden 1,5 milliona ýokarlandygyna ünsleri çeken Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň 3-nji iň uly awtoulag öndürijisi boldy. Öý hojalyk önümçiligi 6,7 milliondan 32,3 milliona ýetdi.
Türkiye Ýewropanyň iň uly, dünýäniň iň uly 2-nji öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir.Milletimiziň 60 ýyllyk ýerli we milli awtoulag arzuw-hyýalyny TOGG bilen amala aşyrdyk.Sebitindäki ynam we durnuklylyk salgysy bolan ýurdumyz, global we sebitleýin kynçylyklara garamazdan maýa goýum, iş üpjünçilik, önümçilik, oýlap tapyş we eksport ugurlary boýunça ösüş ýolunda ynamly ädimler bilen öňe tarap barýar" diýip mälim etdi.