Beýan edilmegine görä, ylalaşmazlygyň sebäbi Ysraýylyň basyp alyşy durnukly ýagdaýa getirmek islemegi we Gazadan çekilmegi kabul etmezligi.
7-nji oktýabrdan bäri Gazada dowam edýän Ysraýylyň gyrgynçylyklaryny bes edilmegi üçin başladylan gepleşiklerden netije çykmady.
İňlis habarlar gullugy “Reýter” müsürli resmilere esaslandyryp, Kairdäki gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmandygyny habar berdi.
“Anadoly” habarlar gullugy bolsa Hamasyň ýolbaşçylaryndan birine esaslandyrýan habarynda Ysraýylyň “durnukly basyp alyşy” maksat edinýändigini we şol sebäpyli ylalaşyga gelinip bilinmändigini mälim etdi.
Hamasyň ýolbaşçysy, Hamasyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan kabul edilen teklibe tabyndygyny beýan edip, Karide özlerine hödürlenen teklibiň hüjümleriň durnukly bes edilmegini we Ysraýylyň Gazadan dolulygyna çekilmegini öz içine almaýandygyny beýan etdi.
Ysraýylyň Müsür serhedindäki Filadelfiýa Koridory atlandyrylýan liniýadaky basyp alyşyny durnuklaşdyrmagy maksat edinýändigi nygtaldy.
Ysraýaýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN-da” Ysraýylyň gepşeklere gatnaşan wekiliýetiniň Kairden gaýdandygyny habar berdi.
Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy Ysraýylyň wekiliýetiniň gepleşiklerde ýeterlik ygtyýarynyň ýokduguny, şol sebäpli Filadelfiýa Koridory boýunça ylalaşyk gazanylyp bilinmändigini habar berdi.
Ysraýylda we halkara jemgyýetçiliginde Premýer-ministr Premýer-ministr Binýamin Netanýahu syýasy sebäplerden Hamas bilen ylalaşmazlykda günäkärlenýär.
Ysraýylyň hökümeti Gazada 40 müňden gowrak palestinalyny öldürip, 21-nji asyrda genosid edýär.