Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berilen beýanata görä, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň 11 müň 20 aýry gezek ýer yranma boldy.
Kahramanmaraş, Gaziantep, Şanlyurfa, Diýarbakyr, Adana, Adyýaman, Osmaniýe, Hataý, Kilis, Malatýa we Elazyg welaýatlarynda 45 müň 89 adam ýogaldy.
Sebitde häzirki wagtda hem AFAD, Polisiýa gullugynyň gözleg we halas ediş bölümi, Žandarma güýçleriniň gözleg we halas ediş brigada serkerdeligi, Žandarma güýçleriniň ýörite jemgyýetçilik howpsuzlyk serkerdeligi, Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, Tebigy apatlar gözleg we halas ediş brigadasy, raýat jemgyýetçilik guramalary we halkara gözleg we halas ediş toparlaryndan ybarat jemi 6 müň 368 gözleg we halas ediş işgäri iş alyp barýar.
Mundan başgada ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde AFAD, Içeri işler edarasy, Žandarma güýçleri, Milli Goranmak ministrligi, Milli lukmançylyk halas ediş topary, tiz kömek, ýerli howpsuzlyk güýçleri, ýerli goldaw toparlary, meýletinler we meýdan işgärlerinden ybrat 234 müň 636 adam iş alyp barýar.
Tebigy apat zolagynda ekskawator, ewakuator, kran, buldozer, ýük ulagy, suwaryş ulagy, tirkeme, greýder, wakuum ulagy we gurluşyk ulaglary bolmak bilen jemi 18 müň 40 ulag iş alyp barýar.
Sebite işgär we enjam getirmek üçin emele getirilen howa köprüsi bilen Harby-howa güýçleri, Gury ýer güýçleri, Harby-deňiz güýçleri, Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeligi, Žandarmanyň Baş serkerdeligi, Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi, Saglygy goraýyş ministrligi we Tokaý hojalygy ministrligine degişli 116 uçar we 76 dikuçar bilen şu günki güne çenli 13 müň 999 sapar amala aşyryldy.
Beýleki tarapdan bolsa sebitde Milli Goranmak ministrligi we Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan 38 gämi ornaşdyryldy.
Ýer titremäniň başdan geçirilen sebitlerde ministrlikler, degişli guramadyr-edaralar we tapawutly ýurtlar we halkara guramalar tarapyndan ugradylan 358 müň 37 çadyryň gurluşygy tamamlandy.
11 welaýatda 332 aýry nokatda konteýner şäherçeler emele getirildi, 10 welaýatda 162 nokatda konteýner şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.