Samsung kompaniýasy Display Week 2022 atly çäräniň çäklerinde içine iki gezek eplenýän ekranyny we beýleki OLED tehnologiýalaryny köpçülige görkezdi. Edil kagyz ýaly eplenýän ekranlar geljekde ulanmak üçin has amatly telefonlaryň, planşetleriň, telewizorlaryň we beýleki enjamlaryň döredilmegine şert döreder. Kaliforniýada adaty usulda geçirilen çärede görkezilen eplenýän ekran Flex G OLED diýlip atlandyrylýar.
Şeýle hem çärede 6,7 dýuýmlyk uzalýan ekran tanyşdyryldy. Bu panel dikligine uzalýar. Bu bolsa, ekranyň ýüzündäki islendik zat okalanda ýeňillik döredýär.
Çäräniň çäklerinde ýene bir eplenýän ekran nusgasy görkezildi. Bu ekran islege görä, 8,1 dýuým ýa-da 12,4 dýuým ululygynda bolup bilýär.
Koreý brendi ýankompýuterler üçin dünýäniň ilkinji 240 Hz OLED ekranyny tanyşdyrdy. QHD durulygynda bolmagyna garaşylýan 15 dýuýmlyk panelde HDR10+ we Dolby Vision aýratynlyklarynyň bolmagyna hem garaşylýar.
Oguljennet Baýmuhammedowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.