
Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçen söwda-satyg auksionynda nusgawy nemes-awstriýa ýazyjysy Frans Kafkanyň golýazmasy we ýazan haty satyldy.
Ýazyjynyň elýazmasy üçin hususy toplaýjy 286 müň ýewro töledi.Bu Kafkanyň elýazmasy 1988-nji ýylda satuwda peýda bolandan bäri üçünji söwdalaşykdyr.Müşderi ýazyjynyň Birinji hasrat atly hekaýasynyň bäş sahypalyk asyl golýazmasyny we onuň ýany bilen 1922-nji ýylda ýazan üç sahypalyk hatyny satyn aldy.
Bu hat köp wagt bäri ýitendir hasaplanýardy, emma 1983-nji ýylda ol ýazyjynyň ýollan adamynyň Geniý žurnalynyň redaktorlarynyň biri Gans Marderşteýgiň maşgalasyndan tapyldy.Frans Kafkanyň golýazmalary seýrek duşýar.
Ol öz edebi golýazmalaryna örän aýawly çemeleşipdir diýip, söwda auksionyny guraýjy Kristian Gessä salgylanýan NDR neşiri ýazýar.
Frans Kafka 1924-nji ýylda 40 ýaşynda aradan çykdy.