Kafanow özünde Soçiden çakylygyň gelmändigini aýtdy

Kafanow özünde Soçiden çakylygyň gelmändigini aýtdy

Rostowyň derwezeçileriniň tälimçisi Witaliý Kafanow Gurban Berdiýew bilen işleşme üçin heniz özüne Soçiniň ýolbaşçylaryndan jaňyň gelmändigini aýtdy.

Gurban Berdiýewiň ýene biziň çempionatymyza gaýdyp gelmegine begendim. Biz Russiýada bile işläp başladyk. Gurban Berdiýew maňa köp zady öwretdi. Men munuň üçin oňa örän minnetdar. Edil häzir Soçiden gelen teklip ýok. Rostow bilen bolsa 2024-nji ýyla çenli şertnamam bar diýip, ol RB Sport neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Aşgabatda doglan Witaliý Kafanow türkmen futbolynyň uçurymdyyr. Ol Gurban Berdiýew bilen Rostowda, Rubinde we Kristallda bile işledi.

Ýene degişli makalalar

“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew näme üçin Eýran toparyny saýlandygy barada gürrüň berdi
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy