Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy Käşiriňsaglyga peýdalary.
Käşir, esasan düzümindäki A witamini taýdan iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başgada käşiriň düzüminde J, K we E witaminleri hem bardyr.
Göz üçin peýdaly
Käşiriň bilinýän iň esasy peýdasy göz üçindir. Ýaşa baglylykda ýüze çykýan sary tegmil hassalygynyň öňüniň alynmagy taýdan möhümdir. Düzümindäki witaminler we elementler bilen retinany we okýektiwi gorap, gözüňizi sagaldýar. Gije körlügi, gözüň kütelmegi ýaly howplary azaldýar. Esasanda A witamininiň ýetmezligi çagalarda körlügiň esasy sebäplerinden biridir.
Saçyň ösmegini üpjün edýär
Käşiriň düzüminde saçyň sagdynlygyny kadalaşdyrýan A, J witaminleri, kaliý we antioksidentler bardyr. Käşir iýmeklik saçyň gür we ýogyn bolmagyna goşant goşýar.
Immunitet ulgamy
A witamini immunitet ulgamynyň güýçlenmegi taýdan peýdalydyr. Sebäbi A witamini immunitet üçin möhüm bolan leýkositleri artdyrýar. J witamini hem immuniteti güýçlendirýär hem-de saglygy kadalaşdyrýar.
Deri üçin peýdalary
Käşiriň deri üçin peýdalylygy beta-karotin özbolyşlygyndan gelip çykýar. Beta-kartin deriji günüň şöhlesiniň ýetirýän zyýanlaryndan goraýar. Düwürtik, egzama we beýleki deri keselleriniň bejergisi üçin peýdalydyr. Düzümindäki karotin arkaly deridäki ýaralaryň we tegmilleriň aýrylmagyny üpjün edýär.
Beýni üçin peýdalary
Käşiriň düzümindäki käbir maddalar beýniniň sagdynlygy üçin möhümdir. Käşir ýady güýçlendirýär.
Ýürek saglygy
Ýürek-damar kesellerinden we ýokary gan basyşyndan goraýan käşir, holesterini aşakladýar. Käşiriň düzümindäki kaliý, bedendäki artykmaç natriniň işlenip çykarylmagyny üpjün edýär.
Siňdiriş ulgamyna peýdalary
Käşir süýmli aýratynlygy bilen içegelerdäki peýdaly bakteriýalary iýmitlendirýär. Süými we karotinleri bol azyklardan biri bolan käşir, siňdiriş ulgamy üçin peýdalydyr. Içege ragyndan goraýan süýmler, içegeleriň kadaly işlemegini üpjün edip, içegäniň sagdynlygyny ýola goýýar. Käşiri çigligine iýmeklik maslahat berilýär.
Ganyň düzümindi süýji
Käşiriň düzüminde başga önümlere görä şekeriň mukdary ýokarydyr. Emma käşir şol bir wagtda-da süýji keseli üçin peýdaly. Bişen käşir ganyň düzümindäki süýjüniň kadalaşdyrylmagy üçin maslahat berilýär.
Semizlige gözegçilik
Käşir ýaly kaloriýasy az, süými we düzümindäki suwuň mukdary ýokary bolan önümler, dokluk duýgusy ýokary bolany üçin ýaglanmadan we semizlikden halas bolmak üçin peýdalydyr.
Infamasiýa
Esasanda alsgeýmer, bogun iriňlemesi we ýürek bilen bagly hronoki hassalyklarda inflamasiýanyň öňüniň alynmagy üçin möhümdir.
Raga garşy maslahat berilýär
Düzümindäki antioksidentleriň ýokary bolmagy erkin radikallara garşy göreşmekde ýokary täsiriniň bardygy anyklanandyr.
Göwrelilikde käşiriň peýdalary
Göwreli aýallara käşiriň peýdalydygy aýdylýar. Sebäbi käşir güýçli beta-karotini we witaminleri özünde jemleýär. Kaliý taýdan hem göwrelileriň käşir iýmegi maslahat berilýär. Hem enäniň hem-de bäbegiň immuniteti üçin käşiriň peýdalary ýokarydyr. Göwreli aýallara esasan käşiriň suwuny içmek maslagat berilýär. Käşiriň düzümindäki fosfor bolsa damar çelmeleriniň öňüni almak hem-de myşsalaryň kadaly işlemegi taýdan peýdalydyr.
Käşiri nähili sarp etmeli?
Günde 1-2 sany orta ululykdaky käşir iýmek ýeterlik we peýdalydyr. Käşir, bişirilende ýokumlylygy azalýan önümlerden biridir. Çig käşirde J witamini ýokary bolsa, bişen käşirde beta-karotiniň mukdary ýokarydyr. Beýleki tarapdan kärşiriň düzümindäki A witamini, ýagda ereýändigi üçin ýeňil bişirilen halatynda ýüze çykýar.
Horlanmak isleýän bolsa çig käşir iýmek maslahat berilýär. Sebäbi käşir bişende düzümindäki süým we suwuň mukdary azalýar.