Kärizler: suwy aýawly saklamagyň ýörelgeleri

Dag eteginiň baýyrlaryndan bakanyňda ýer üstündäki uzyn oýlara gözüň düşýär.Olar dag içindäki jülgelerden gözbaş alyp, gül-pürçük baglara barýar.Bular dag çeşmelerinden jülgä suw alynýan gadymy suwaryş desgasy bolan kärizler ulgamydyr. Şeýle usul bilen suw toplap, ony şäherlere we irrigasiýa kanallaryna bermek gadym döwürlerde Orta Aziýanyň hem-de Kawkazyň daglyk we dag etek sebilterinde giňden ýaýrapdyr.

Gurak howa şertlerinde ýerli ilat üçin olaryň belli bahasy bolmandyr.

Merkezi Köpetdagyň dag etek jülgeleri şolara mysallaryň biridir, bu ýerde müňýyllyklar mundan ozal irki ekarançylyk medeniýeti döräpdir, suwarymly ekarançylyk we maldarçylyk ýokary derejä ýetipdir, şäherler gülläp ösüpdir.Bir asyr mundan ozalam oýlanşykly gurluşy haýrana goýýan ýerasty suwaryş ulgamlary müňlerçe ýyl mundan ozalkysy ýaly ýönekeýje gurallar bilen gurlupdyr!

Kärizleriň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşi üçin ähmiýetininiň Beýik hytaý diwaryna deňelmegi ýöne ýerden däldir.Kärizleriň ugry bilen guýydan guýa gidiberseň, köplenç olardan birahatlyk tapan kepderiler uçup çykýarlar, janawerler yssydan goranyp bu ýere girýärler, diýmek, ol ýerde suwam bolaýmaly.

Guşlar şol ýerde höwürtge edinýärler...

Käriziň süýji, sowuk suwy tebigy minerallara baýdyr.Ol dag eteklerinde güýzki-ýazky ygal suwy toplanyp ýa-da ýerüsti çeşmelere goşulýan tebigy suw akymlaryndan kemala gelýär.Bu suw ilki bilen agyz suwy hökmünde, soňra mallary ýakmaga we ekinleri suwarmaga ulanylypdyr.

Käte dag eteklerinde çeşmäniň daşyny gallapdyrlar, akaryny çuňlaşdyrypdyrlar, ýer astyndan jülgelere -- oňa mätäçlik çekýän ekinli ýerlere we obalara çekipdirler. Şeýle kärizlere gözçeşme kärizleri ýa-da gözbaş diýipdirler.

Suw akymly ulgam beýikligi bir ýarym we ini ýarym metre golaý bir ýa-da birnäçe suw toplaýan galareýalardan ýa-da şahlardan ybarat bolýar. Desganyň howa çeker ýaly guýylary we galareýanyň agzynda gurulýan şahasy bolupdyr. Köpetdagyň eteginde saklanyp galan käbir käriz şahlarynyň uzunlygy birnäçe kilometre ýetýär.

Arhiw resminamalarynda suw almagyň we ulgamlarda abatlaýyş-gurluşyk işlerini geçirmegiň möhleti barada maglumatlar bar.Miladydan öňki VI-V asyrlarda Türkmenistanyň ýerinde kärizleriň bolandygyna gadymy grek taryhçysy Polibiniň işleri-de şaýatlyk edýär.

Antioh III-iň Günorta Parfiýanyň çöllerinden ýörüşini beýan edende, ol bu ýerleriň ýerasty guýylardan suw alýandygyny belläpdir.Orta asyr arap alymlarynyň işlerinde hem pederlerimiziň ýerasty suwaryş ulgamlaryndan giňişleýin peýdalanandyklary barada maglumatlar gabat gelýär.

Merwde we gadymy şäherlerde kärizleriň we gömülen guýylaryň yzlary galypdyr.Geçen asyryň başyna çenli olar adamalra suw üpjünçiliginiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Şol döwürlerde uly kärizler Bäherdende, Bagyrda, Ahalyň beýleki obalarynda, şeýle hem Murgap jülgesinde bolupdyr.

Diňe Ashabadyň eteginde kärizleriň 17-si bar eken, 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesine çenli şäheri şeýle iri desgalaryň dördüsi suw bilen üpjün edipdir.Rus imperiýasy döwründe, 1895-nji ýylda Ashabad uýezdinde guýylary bilen birlikde kyrka golaý käriziň dikeldilendigi, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin wagtal-wagtal serişdeleriň bölünip berlendigi barada resminamalar saklanyp galypdyr.

Kärizgenleriň zähmetine sarpa goýlupdyr, ussatlaryň ady bolsa, öz obasyndan daşda-da belli bolupdyr.

Taryhy çeşmelerde käriz ussalarynyň kär syrlary we ýerasty suwaryş ulgamynyň nobatdaky şahynyň gutarylmagy bilen baglaşykly dessurlar barada gyzykly maglumatlar bar. Häzirki ylmy-enjamlaýyn ösüş döwründe olaryň zerulygy ýok bolsa-da, kärizler milli miras hökmünde gymmatlydyr we suwa aýawly çemeleşmek ýörelgesine sarpa hökmünde saklanyp galynmagyna mynasypdyr.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi
Albom çykmazdan, rekord goýdy
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama
Türkmentel-2023 halkara ylmy maslahaty birnäçe ugurdaş çäreler bilen utgaşdy