Türkmenistanda koronawirusa garşy girizilen hereket çäklendirmeleri gök-bakja ekinlerini ýetişdirýän kärendeçi daýhanlara ýaramaz täsir ýetirýär. Lebaply kärendeçiler çäklendirmeler sebäpli gawun, garpyz we pomidor ýaly gök-bakja önümlerini beýleki sebitlere satyp bilmeýärler. Bu bolsa azyk önümleriniň çüýräp, zaýa bolmagyna we kärendeçileriň uly maddy zyýan çekmegine getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň gündogar welaýatyndan maglumat berýär.
Bellesek, Lebapda şu ýylyň aprel aýynda ýeňilleşdirilen hereket çäklendirmeleriniň gerimi geçen aýyň üçünji ongünlüginde gaýtadan güýçlendirildi. Munuň çäginde beýleki sebitleriň ýaşaýjylarynyň welaýata girip-çykmagy çäklendirildi. Bu çäklendirmeler welaýatda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.
Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde Saýat etrabynyň Mülk we Täzelikçi daýhan birleşiklerinde, Garabekewül etrabynyň Haryn daýhan birleşiginde hem-de Burdalyk obasynda onlarça kärendeçiniň ýüzlerçe gektar meýdana eken gök-bakja önümi zaýa boldy.
"Biz gök-bakja ekinlerimizi esasy Aşgabada we Balkana satýardyk. Ýöne indi iki hepde bäri Lebaba hiç bir telekeçini salmaýarlar. Şol sebäpli harytlarymyzy satyn almana gelýän adam ýok.Biziň welaýatdan çykmagymyza hem rugsat bermeýärler.
Barlag postlarynda duran polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri welaýata giren adamlary 21 gün tussag edýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Gylyçmyrat diýlip tutulmagyny soran saýatly kärendeçi habarçymyza gürrüň berdi.
Agzalan etraplaryň kärendeçi daýhanlary öz gök-bakja önümlerini welaýatyň paýtagty Türkmenabat şäheriniň bazarlaryna hem äkidip satmaga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.
"Hatda MHM-de tanyşlary bolan kärendeçi daýhanlar-da öz gök-bakja önümlerini beýleki sebitlere satyp bilmeýärler" diýip, saýatly kärendeçi belledi.
Kärendeçileriň sözlerine görä, ýerli resmiler we barlag postlaryndaky polisiýa hem-de MHM işgärleri munuň sebäplerini welaýatda, hususan-da Farap etrabynda epidemiologiýa ýagdaýyň erbetdigi bilen düşündirýärler. Ýöne olar goşmaça maglumat bermeýärler.
12-nji iýulda Azatlygyň habarçysy Farap etrabyny Türkmenabat, şeýle-de beýleki etraplar bilen birleşdirýän ýollaryň we köprüleriň ýapylandygyny, muňa etrapda keseliň ojagynyň tapylmagynyň sebäp bolandygyny habar beripdi.
"Möwsüminde ýetişen gök-bakja önümlerimiziň ählisi zaýa boldy. Biz çüýrän önümlerimiziň iýer ýalysyny sygyrdyr mallara berýäris, galanyny zibile zyňýarys. Biz uly maddy zyýan çekdik. Bu ýyl özümiz gazanç etmekden geçdik, kärendesine alan ýerimiz üçin döwlete bergili bolup çykýarys. Döwlet bize kömek etmekden geçen, çäklendirmeler sebäpli zyýan berýär" diýip, saýatly kärendeçi aýtdy.
Habarçymyzyň sözlerine görä, şu ýyl döwletden ýerleri kärendesine alan daýhanlar her bir gektar ýeriň sürüm, tohum we suw üpjünçiligine hem-de işçi güýjüne ortaça 10 müň manat çykdajy etdiler.
"Daýhanlar eden çykdajylaryny ödäp bilmän, indi giç ýetişýän käşir ekmegi planlaşdyrýarlar. Emma käşir ekilen meýdanlary suwarmaga ýeter ýaly suw ýok" diýip, saýatly kärendeçi belledi.
Azatlygyň bu aýdylanlar dogrusynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden we onuň Türkmenabatdaky bölüminden hem-de Lebap welaýat häkimliginden, şeýle-de polisiýa edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýärler. Ýöne häkimiýetler keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini güýçlendirýärler.
Ýurt resmileri we döwlet mediasy bu çäklendirmeleriň gerimi hem-de olaryň raýatlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Bu aralykda, habarçymyz doly izolýasiýa ýagdaýda saklanýan Farap etrabynda azyk gytçylygynyň emele gelendigini habar berýär.
Onuň sözlerine görä, soňky iki hepde bäri etrabyň döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen azyk önümleri satylmaýar. Hususy dükanlarda bolsa, un, ösümlik ýagy, et, towuk eti, süýt we ýumurtga ýaly azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi emele geldi.
"Iki hepde bäri Faraba ýörite resminamasy bolmadyk hiç kimi geçirmeýärler. Şol sebäpli dükanlaryň köpüsiniň tekjeleri boşady. Hökümet bize paýok önümlerini satmakdan geçen, hususy söwdany hem çäklendirýär. Adamlar näme iýmeli bu resmileri gyzyklandyrmaýar" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Mergen diýlip tutulmagyny soran faraply bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.