Kädiden taýýarlanýan içgiler

Kädiden edilen mürepbe. Gaty gowy bişmedik kädini saýlap alyp gowy ýuwmaly, dilimlemeli, çigidini, gabygyny aýyrmaly, kerpiç-kerpiç edip dograbam, birnäçe minutlap gaýnan suwda saklamaly, soňra sowatmaly.

Gaýnan suwda saklamaga derek 1,5% nahar sodasynyň garyndysyna kädi böleklerini 10-12 minutlap gömüp ýa-da hekli suwda ezip, soňra suw bilen ýuwsaňam bolýar.Taýýar bolan kädiniň üstüne gyzgyn şerbet guýup 6 sagat goýmaly, soňam 30-35 minut gaýnatmaly, yzyndanam oduň üstünden düşürip 2-3 sagat goýmaly.

Gaýnatmany 2-3 gezek gaýnatmaly.Iň soňundan mürepbe bolýança gaýnadyp, wanilin goşmaly.

Hekli suwy taýýarlamak üçin 5 l suwa 400 g ýanmadyk heki az-azdan goşmaly. Hek gowy ýananyndan soň durlamaly, ýuwaşlyk bilen suwuny alyp süzmeli. Mürepbe ýasamak üçin 1000 g taýýarlanan kädi, 1500 g şeker, 2 bulgur suw, pyçagyň ujuna sygaýjak mukdarda wanilin ýa-da limon kislotasy gerek.

“Palaw kädi” süýjüli içgisi. Kädi şiresiniň üstüne alma şiresini guýmaly, tagamyna görä şeker goşup, garyşdyrmaly. Gowy sowadyp içmeli.

Bakja önümlerinden taýýarlanylýan tagamlaryň sanasaň sogaby bardyr. Olar iýmek üçin hem ýokumly, hem ýaramlydyrlar. Şonuň üçinem olar her öýüň saçagyny bezemelidir. Taýýarlamak üçin 1/3 bulgur kädi şiresi, 2/3 bulgur alma şiresi, şeker gerek bolýar.

Kädili şerbet (sirop). Suwuk şerbet taýýarlamaly. Kädini syhaçdan geçirip, gaýnap duran şerbetiň üstüne guýmaly. Gaýnap duran şerbeti taýýar bolýança birsyhly garyp durmaly. Şerbete şafran ýa-da limon kislotasy goşulýar.

Bu tagamy taýýarlamak üçin 500 g kädi, 1200 g şeker, 1 l suw, bir çümmük şalfeý ýa-da limon kislotasy gerek.

Kädili powidlo.Munuň üçin eti sary ýa-da gyzylymtyl reňkli kädi saýlanylyp alynýar.Kädiniň daşyny ýuwup, gabygyny, çigidini aýryp, kerpiç-kerpiç edip dograýarlar.

Dogralan kädiniň üstüne sirke guýup, iki sagat saklaýarlar. Şonuň netijesinde kädiniň tagamy birneme turşy bolýar, reňki solýar.Sirkäni döküp, ezilen kädini, 30% şekerli şerbetiň içinde 10-15 minut gaýnadýarlar (1 l suwa 400 g şeker).

Gaýnan kädi böleklerini sowadyp, üstüne 60% şeker şerbetini guýýarlar, limon kislotasyny ýa-da bir bölejik limony banka atyp, agzyny ýapýarlar. Şulardan başga-da myhak hem dalçyn goşýarlar.Gaplanjak ýarym litrlik bankalary 20-25 minut buga tutýarlar.

Munuñ üçin 1000 g kädi, 400 g şeker, 5 g limon kislotasy, 1-2 sany myhak, 1 litr 4% sirke gerek.

Ýagşymämmet ÝAGŞYMÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Sergi merkezinde Serdar şäheriniň nakgaşlarynyň işleri görkezildi
Tomsuň halanýan önümi
Türkmen bakja ekinlerine urugdaş ösümlikleriň arasynda dürli endemikler bar
Kädi we beýleki ekinler: daşoguzly telekeçiler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýarlar