Telekçilik bileleşiginiň tagallasy bilen şu ýyl Daşoguz welaýatynda il arasynda ýakymly tagamy bilen meşhurlyk gazanan kädi öndürilişi has-da artdy.Belli bolşy ýaly, kädi peýdaly maddalara baýdyr, göreç üçin möhüm A witamini adam bedeninde özgerdýän karotin bolsa güýçli aktioksidantdyr, ol kädide käşirdäkiden 4-5 esse köpdür. Şeýle hem ol C, E, K, B witaminlere, sinke baýdyr, az kaloriýalylygy we düzüminde kletçatkanyň köplügi üçin ol berhiz tagamy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň demirgazygynda bu bakja ekininiň ýerli hem-de daşary ýurt seçgileriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Şeýle bolsa-da, ekarançylaram, alyjylaram olardan iki görnüşini üýtgeşik tagamly bal kädini we palaw kädini ileri tutýarlar.
Palaw kädini öý melikeleriniň köpüsi gadymy usulda gaýnanan kädi bölegini et bilen garyp saçaga äberýärler.Olaryň iki görnüşi-de milli aşhana ýörelgelerinde giňden ulanylýar. Ýurdumyzyň demirgazygyk sebitinde kädi bilen birlikde şu ýerlere mahsus künji we mäş ýetişdirmäge hem uly üns berilýär.
Mysal üçin, telekeçi Täçmyrat Öwezow S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Ýalkym daýhan birleşiginde döwlet tarapyndan özüne bölünip berlen 75 gektar ýeriň 4 gektaryna künji, şonça meýdana kädi ekdi, ýene 10 gektar ýerde beýleki bakja ekinlerini ýetişdirýär.
Ol indi birnäçe ýyl bäri ýokary hasyl alyp gelýär we galan ýerleri tapgyrlaýyn özleşdirýär.Nurgeldi Gurbanbaýew hem oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplady.Döwlet tarapyndan oňa Ruhubelent etrabynyň Altyn Zaman daýhan birleşiginden ýeňillikli şertlerde uzak möhletleýin ulanmaga 50 gektar ýer bölünip berildi.
Häzir şonça meýdanyň aglaba bölegi peýdalanylýar. 10 gektat ýerde künji, şonça meýdanda mäş, 15 gektar ýerde bakja ekinleri ýetişdirilýär.Döwlet tarapyndan ykdysady höweslendirmeler netijesinde iri telekeçilik düzümleri-de azyk önümlerini öndürmegi özleşdirýärler.
Mysal üçin, Ruhubelent etrabynyň tarp ýerlerinde Dürler Hazynasy hususy kärhanasy bakja ekinlerini we mäş ýetişdirýär.