Käbir Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Bilen Kabula Gitmegi Meýilleşdirýäris

Käbir Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Bilen Kabula Gitmegi Meýilleşdirýäris

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, öňümizdäki günlerde käbir ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen birlikde Owganystanyň paýtagty Kabula gitmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtan Çawuşoglu, “Öňümizdäki günlerde käbir ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen birlikde Owganystanyň paýtagty Kabula gitmegi meýilleşdirýäris. Retno bilen bu meseläni Nýu-Ýorkda ara alyp maslahatlaşypdyk. Dost we doganlyk beýleki ýurtlaryň ministrleri hem bu pikire goldaw berdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.06.2023
Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Mewlüt Çawuşoglu Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi