Türkmenistanyň ylmy edaralarynda barlag işlerini alyp barýan ýaş alymlar bu pudakda höküm sürýän “demikdiriji häkimiýet gözegçiliginden” şikaýat edýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir farmakolog özleriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän dermanlyk ösümlikleriniň ynsan saglygyna peýdalaryny subut etmäge gönükdirilýän ylmy barlaglara mejbur edilýändiklerini aýdýar.
Käri boýunça himiýa hünärmeni bolan beýleki bir ýaş alym ýurduň barlaghanalaryndaky himiki maddalaryň howpsuzlyk edaralary tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanylmagyny “ýerliksizlik” atlandyrýar.
“Häkimiýetleriň howpsuzlyk paranoýalary we gorkulary ýaş alymlary hakyky ylym bilen meşgullanmakdan mahrum edýär” diýip, himiýa hünärmeni aýdýar.
“Men holesterine garşy täsirli bir satin dermanyny oýlap tapmakçy boldum, ýöne maňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri sürýän buýan köki we ýüzärlik ýaly dermanlyk ösümlikleri boýunça, has takygy, buýan köküniň galyndylarynyň düzümindäki aktiw maddalar barasynda ylmy iş alyp barmak tabşyryldy” diýip, farmakolog aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýaş alymlar syýasatyň ylym we tehnologiýalar pudagyna agalyk edýändigini aýdyp, bu ýagdaýyň ýurduň geljegine zarba urýandygyny duýdurýarlar.
Ylmy işgärlere belli bir derejede erkinlik berilmese, ýurtda öňe gidişlikleriň bolmajakdygyny berk ýatladýarys diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş alymlary aýdýarlar.
“Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanuny ylmy barlaglaryň ugrunyň, temasynyň we usullarynyň saýlanylmagy babatynda ylmy işgäre erkinlik berýär.
Ýöne holesterine garşy derman oýlap tapmaga bolan isleglerine garamazdan, buýan köküniň ynsan saglygyna peýdalary barada barlag işlerini geçirmäge mejbur bolan ýaş farmakolog özüniň we kärdeşleriniň “dermanlyk ösümlikleri” bilen başagaý edilmegini ýazgarýarlar.
Lukmançylyk geçmişi bolan Halk maslahatynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dermanlyk ösümlikleri hakynda birnäçe tomluk kitap ýazdy.Ol dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdalaryny yzygiderli wagyz etmekde tanalýar.Dört ýyl çemesi mundan ozal, koronawirus keseli dünýäde pandemiýa yglan edilende, Berdimuhamedowy bu wirusa garşy ýüzärlik tütedilip göreşilmegini maslahat beripdi.
Onuň “Çaý melhem we ylham” eseri, beýleki kitaplary bilen bir hatarda ýurduň döwlet media serişdelerinde giňden propaganda edilýär.
Şeýle wagyz işleriniň depgniniň güýçlendirilmegi ýurtda ylmyň öýjügi hasaplanýan Ylymlar akademiýasynyň öz üstüne alan takyk wezipelerini amal etmegine-de päsgelçilik berýär.
Farmakolog Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň ozallar syýasatyň we senzuranyň diňe gumanitar ugurlara degişlidigine ynanandygyny, ýöne ylmy-barlag işlerine girişip başlandan soň, bu ýagdaýyň takyk ylymlara-da degişlidigine şaýat bolandygyny gürrüň berýär.
“Bizden Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dermanlyk ösümlikleri” kitabyndaky “psewdo-ylmy” öňe sürmeleri ylmy taýdan tassyklamagy talap edýärler” diýip, ýaş alym aýdýar.
Ýaňy-ýakynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 16-njy jildi çapdan çykdy. Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň bu ýygyndysyny prezident wezipesine girişenden soňra çap edip başlady. 16 tomluk eser çöllük Türkmenistanda ösüp ýetişýän ösümlikleriň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenýär.
Berdimuhamedowyň taglymatlaryna esaslanylyp, ýurduň saglyk edaralarynda we media serişdelerinde ýandagyň güli, buýanyň köki, ýüzärligiň tüssesi, düýe çaly we sazagyň küli ýaly halk tebipçiligine daýanýan serişdeler giň gerimde wagyz edilýär.
Bulardan başga-da, ylmy barlaghanalarda gözleg işleri bilen meşgullanýan ýaş alymlar barlaghanalaryň maddy üpjünçiliginiň hem pesdigini aýdýarlar.
“Ylmy tejribelere zerur bolan himiki serişdeler gaty azlyk edýär. Men käbir maddalary öz hasabyma satyn alýaryn” diýip, beýleki bir himiýa hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, barlaghanalarda käbir maddalar asla ýok. Ol şeýle halatlarda käbir himiki serişdeleriň diňe Aşgabatda bir nokatdan satyn alnyp bilinýändigini aýdýar, ýöne bu barada başga-jikme-jiklik bermeýär.
Himiýa hünärmenine görä, häkimiýetleriň ýurduň barlaghanalaryndaky himiki maddalara gözegçilik işleri 2017-nji ýylda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň orta mekdepleriniň birinde laboratoriýalarda saklanýan bir maddanyň tötänleýin pol ýuwujy serişdä gaçyp, mekdep okuwçylarynyň dem alyş ýollary bilen bagly saglyk şikaýatlaryny başdan geçirmeginden soňra, barlaghanalardaky himiki maddalara gözegçilik işleri güýçlendirilipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bir ylmy işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Milli howpsuzlyk ministrliginiň 2019-njy ýylda ýurduň çägindäki himiki maddalara gözegçiligi has-da güýçlendirip başlandygyny aýdýar.
“Şonda ýurduň ähli barlaghanalarynda bar bolan himiki serişdeleriň sanawy gaýtadan düzülip, bu sanawlaryň Himiýa institutyna iberildi” diýip, himiýa hünärmeni aýdýar.
Ýöne ýaş alymlar şeýle çäreleri howpsuzlyk aladalary bilen däl-de, häkimiýetleriň howpsuzlyk bilen bagly “paranoýalary we gorkulary” bilen esaslandyrýarlar.
Türkmenistanda 1951-nji ýylda döredilen Ylymlar akademiýasy garaşsyzlyk ýyllarynda täsin täleýi başdan geçirdi. Ilkibaşda, ýurduň bu prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu akademiýany ýapdy, soňra ýurduň ikinji prezidenti 2009-njy ýylda Ylymlar akademiýasyny gaýtadan açdy.
2012-nji ýylda Berdimuhamedow bu edara ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin 10 million dollar bölüp berdi, ýöne 2019-njy ýylda prezidentiň teklibi bilen Ylymlar akademiýasy üç ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmesiz edildi.
Geçen on ýyllykda bu akademiýanyň düzümindäki käbir institutlar dargadyldy, birleşdirildi ýa-da ýurduň beýleki käbir ylym edaralaryna berkidildi.
Meselem, bir döwür Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty Milli golýazmalar instituty bilen, Taryh instituty bolsa Arheologiýa we etnografiýa instituty bilen birikdirildi.
Azatlyk Radiosy ylym we tehnologiýa pudagyndaky meseleler boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.