
Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertipde amala aşyrylýar.
Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň berýän habaryna görä, 16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy.
Şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär.
19-njy aprelden Türkmenabat — Gazojak — Türkmanabat ugry boýunça-da gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.
Gatnaw tertibi bilen Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web-saýty arkaly giňişleýin tanşyp bilersiňiz!
Şeýle-de okaň: