Käbir dermanlaryň bahalary üç aýda biraz arzanlady. Nyrhlara syn

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary Türkmenistanda dermanlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn etmegi dowam etdirýärler.

Biziň soňky synymyz üç aý mundan ozal çap edildi. Şondan bäri dermanlaryň bahalarynyň umuman arzanlap, 7-8% prosent peselendigini görse bolýar. Emma käbir dermanlaryň bahalary arzanlamakdan geçen, gaýta gymmatlady.

Bu käte TH-nyň habarçylarynyň gürleşen adamlarynyň gapma-garşylykly pikirleri bilen düşündirilýär. Adamlaryň bir topary dermanhanalardaky bahalaryň “anyk aşaklandygyny” ynam bilen aýtsa, ikinji toparyň pikriçe bahalar ýokarlandy, üçünji topar bolsa üýtgeşiklik görmedim diýýär.

Bahalaryň emele gelemegine täsir edýän faktorlaryň ilkinjisi dollaryň bahasy bolup durýar, onuň bahasy şu ýylyň iýunyndan bäri “gara bazarda” 25-30 bolanlygyndan 18-20 manada çenli arzanlady. Mundanam başga, dermanlaryň bahalaryna dermanhanalaryň ýerleşýän binalarynyň kireý tölegleriniň möçberi we dermanlaryň elýeterliligi täsir ýetirýär. Şu sebäpden şol bir dermanlaryň bahalary dürli dermanhanalarda başga-başga bolup bilýär.

Umuman alnanda, ýylyö başyndan bäri bahalar 46% ýokarlandy.

Käbir dermanlaryň bahalarynyň 2018-nji ýylyň iýunynyň aýagyndan sentýabrynyň aýagyna çenli üýtgeýşi boýunça maglumatlary getirýäris:

Gerbion (atgulak siroby, 150 mg) 49.20-den 54.00 manada çenli gymmatlady (+9.7%)

Flokimazol (kapsula, 150mg) 6.00-dan 5.00 manada çenli arzanlady (-16.6%)

Trimol (10 tabletka, Türkmenistanda öndürilen) baha üýtgemedi 6.60 manat (0%)

Lidikian (sanjymlyk. 20mg/2mg, 10 ampul) 19.00-dan 20.00 manada çenli gymmatlady (+5.3%)

Panangin Forte (60 tabletka) 82.00-dan 130.00 manada çenli gymmatlady (+58.50%)

Panangin (50 tabletka) bahasy üýtgemedi 70.00 manat (0%)

Wiferon (3) (1.000.000 ME 10 supp.) 304.00-dan 260.00 manada çenli gymmatlady (-14.5%)

Analgin (sanjymlyk. 500mg/2mg, 10 ampul) 19.20-den 20.00 manada çenli gymmatlady (+4.2%)

Naklofen (sanjymlyk. 75ml/3ml, 5 ampul) 35.00-dan 38.00 manada çenli gymmatlady (+8,6%)

Tetrasiklin mazy 1% (3gr) bahasy üýtgemedi 26.00 manat (0%)

Trok-Ýu (10 tabletka) 17.00-dan 16.00 manada çenli arzanlady (-5.9%)

Lewoksimed (gulaga damdyrylýan 0,5%, 5ml) bahasy üýtgemedi 151.00 manat (0%)

Sigma-ST (10 tabletka) 42.00-dan 32.00 manada çenli arzanlady (-23.8%)

Abaktal (400mg 10 tabletka) 87.60-dan 67.00manada çenli arzanlady (-23.5%)

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy
“Patriot Raketa Ulgamy Çaknyşyklaryň Uzamagyna Sebäp Bolar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi
Baýramçylygyň öň ýanynda dollar we harytlar arzanlaýar