Kadyrow 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi

Kadyrow 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi

Çeçen Respublikasynyň döwlet Baştutany Ramzan Kadyrow geljek 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi, bu barada Çeçenistanyň hökümetiniň saýtynda çap edilen Kararda aýdylýar. Kararda munuň çeçen dilini, medeniýetini we çeçen halkynyň däp-dessurlaryny goramak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek maksady bilen edilýändigi bellenýär.

Kadyrowyň Kararynyň ýerine ýetirilmegi üçin guramaçylyk topary dörediler. Bir aýyň dowamynda toparyň agzalary çärelere taýýarlyk görmek we guramak babatda maksatnama işläp düzmeli bolarlar.

2007-nji ýyldan bäri Çeçenistanda Çeçen diliniň güni bellenip gelinýär.

Öň Ramzan Kadyrow çeçen diliniň ýitip barýan dilleriň toparyna girýändigini belläp, ony gorap saklamak üçin çeçen dilinde gurjak oýunlaryny, multfilmleri döretmegi, umuman, bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagy sargyt etdi. Bu barada Vesti.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ramzan Kadyrow Şawkat Mirziýoýewiň doglan gününe tohum atlary sowgat berdi
Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
Lebedew: GDA bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanylmagy möhüm
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi