Kadaly uky üçin näme etmeli?

Ýeterlik derejede dynç alynmasa, bu gündelik işimize gönüden-göni täsir edýär. Dynç almak üçin bolsa wagtly-wagtynda ýeterlik derejede uklamak zerurdyr. Kadaly uky diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygymyza hem täsirini ýetirýär. Eýsem, kadaly uklamak üçin näme etmeli?

Häzire çenli geçirilen barlaglaryň netijesinde her bir adamyň her gün ortaça 7 sagat uklamagynyň zerurdygy ýüze çykaryldy. Kadasyz uky dürli nähoşluklara getirip bilýär. Rahat uklamak üçin belli gün tertibine görä hereket edilmelidigi bellenilýär. Gündelik edilmeli işler, ýatylýan we turulýan wagt belli bolanda, beden şoňa çalt uýgunlaşýar. Lukmanlar bedeniň tertip-düzgüni halaýandygyna ünsi çekýärler.

Kadaly uky üçin gerekli şertleriň hem döredilmegi zerurdyr. Ýatylýan otagyň garaňky, perdesi ýapyk, sessiz we kadaly temperaturada bolmagy zerurdyr.

Magsat BEKEŞOW,

Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.

Ýene degişli makalalar

Balkanda çagalaryň arasynda onkologiýa keselleri köpelýär
Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’
Saglygy goraýyş ulgamynyň binýady berkidilýär
Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary gurlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy