Kadaly uky sagdyn durmuşyň girewidir. Şol sebäpden hem kadaly uky almak üçin özüňize laýyk gelýän ýassygy hem-de düşegi saýlaň! Aýratynam ýassyk saýlamaga çynlakaý çemeleşmeli. Ol size anatomik taýdan laýyk gelmeli, ukuda wagtyňyz boýun myşsalaryny agyrtmaly däl. Ýogsam, ir bilen turanyňyzda kellagyrydan ejir çekersiňiz.
Rahat geýimde ýatmak kadaly uky almaga ýardam edýär. Pagtadan tikilen we bezegi az bolan geýimler has oňaýlydyr. Ýumşak tebigy düşekler, tämiz ýassykdaşylar hem-de bedeniňe ýakymly ýorganlar süýji ukynyň girewidir.
Ýatýan ýeriňizi saýlamak bilen rahat ýatmagy hem başarmaly.Uklamazdan ozal bedeni rahatlatmak üçin ýyly suwa düşmek maslahat berilýär.Rahat uklamagyňyz üçin özboluşly kada eýeriň we ony bir hepdäniň dowamynda her gün gaýtalaň!
Adam bedeni belli bir hereketlerden soňra ukynyň garaşýandygyna öwrenişýär.Mundan soňra uklamak has ýeňil bolýar. Şeýle hem ukydan öň öte doýmak ýalňyş hereketdir.Eger ajyksaňyz uklamazdan öň ýagsyz gatyk içip, miweli ýa-da gök-önümli işdäaçar iýip, açlyk duýgusyny aýryp bolar.
Ýatmazdan ozal smartfon, planşet, noutbuk we telewizor ýaly enjamlardan daşlaşyň! Bu enjamlaryň ýaýradýan mawy şöhleleri ukyňy bölýär. Ukudan öň otagyň içini ýelejiretmegi hem ýatdan çykarmaň!
The post Kadaly uky üçin maslahatlar appeared first on Zaman Türkmenistan.