Köp wagtyň dowamynda uly adamlar üçin kadaly ukynyň näçe wagt bolmalydygy barada barlaglar geçirildi.Bäş ýüz müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen soňky barlagda gije-gündiziň dowamynda 7 sagat uklamagyň adam saglygy üçin peýdalydygy we zerurdygy ýüze çykaryldy.
Her günde 7 sagat uklan adam ruhy taýdan rahat bolýar.Bu barlagy Hytaýyň Fudan hem-de Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň bilermenleri geçirdiler.Angliýada bu synaga 38-73 ýaş aralygyndaky 498 müň 277 adam gatnaşdy.
Barlagyň netijesine görä, 7 sagatdan az uklamagyň hem, köp uklamagyň hem saglyga oňaýsyz täsir edip biljekdigi bellenildi. 7 sagat uklan adam matematika amallaryny ýerine ýetirende ýa-da haýsydyr bir zady ýatlamaly bolanda gowy netije görkezýär.
Meýlis Süleýmangulyýew,
Magtymguly etrabynyň Döwletgeldi Ökdirow adyndaky 18-nji orta
mekdebiniň mugallymy.