Isleýän hem bolsak, ýerine ýetirmekden çetde durulmaýan, bedenimiziň esasy zerurlyklaryndan biri bolan uky hakynda söhbetdet etmekçi. Ýogsam, ukyňyzy aldyňyzmy? Kadaly uklaýaryn, çünki… diýip, söze başlaýarys…
Eger almadyk bolsaňyz dykgatyza ýetirjeklerimiz belli ýygylykda ses tolkunlary bolmakdan aňyry geçmez siziň üçin. Eşidenleriňize düşünmek kyn bolar. Sebäbi, uky bedenimiziň dynç almagy bilen bagly bolşy ýaly, beýnimiziň işleýişi bilen hem bagly.
Ýabany janly-jandarlar ukylaryny iýmitlenme we goranyş zerurlyklaryna görä kadalaşdyrýarlar. Mysal üçin pişikler tebigatdaky awçylary gündiz has gowy görýändigi üçin günüň şöhlesinde uklap, dynç alýar we gijelerine awlanmagy saýlap alýarlar. Biz, adamlar bolsa medeniýetiň ýany bilen gelen rahatlyk sebäpli 24 sagatlyk günüň islendik böleginde uklap bilýäris…
Eýsem beýnimiziň we bedenimiziň gurluşy günüň belli böleginde belli mukdarda uka zerurlyk duýýar.Beýleki haýwanlar ýaly ýyrtyjylardan gizlenmek ýa-da awlanmak üçin bolmasa hem bedenimiz gije-gündiz balansyny günüň ýagtylygyna görä kadalaşdyrýar.
Beýnimizde wagty gyşarnyksyz ölçeýän esasy sagat bardyr. Şol sagat, ertirlerine oýanmagymyzy, gijelerine bolsa uklamagymyzy üpjün edýär.Güneşiň ýagtylygy, şol esasy sagadyň iň gowy dostudyr.Esasy sagadymyzyň deňagramlygyny ýagtylyk ýola goýýar.
Adamlar azyklardan almaýan D witaminini güneşden alýar.Güneşli sagatlarda hereketde bolmak şol sebäpli iňňän möhümdir.
Uky, beýnimizden bedenimize ýaýraýan neýronlary kadalaşdyrýar. Oýag mahalymyz bolup geçýänler bilen gyzyklanýan neýronlar biz ukyda mahalymyz kadalaşmaga pursat tapýarlar. Oýag mahalymyz beýnimiz ary gowasy ýaly işleýär. Yzgiderli ýagdaýda täze ýat arabaglanşyklaryny ýola goýar. Şonuň üçin bolsa beýniniň ýangyjy bolan glýukoza gerekdir. Giç ýatmak neýronlary ýadadýar we biri-birine garyşmagyna sebäp bolýar. Ýatkeşlik gowşaýar.
Uky, günüň dowamynda beýnide üýşen artykmaçlyklary arassalaýar. Ähli hereketlerimiziň ýangyjy bolan glýukoza ukyda artykmaç hereket etmeýänimiz üçin beýnä has ýokary mukdarda barýar. Beýni şonuň saýasynda özi üçin gerek bolan maglumatlary ýygnaýarka, gerekmejeklerini arassalaýar.
Ýene-de ençeme element sebäpli kadaly uky, adamyň sagdynlygy üçin iýmit ýaly zerurlykdyr.