Şu gün Kabulda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan (TOP) elektroenergetika taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýurduň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu barada Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşyga Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Molla Abdul Latif Mansur, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygy Myrat Artykow, Owganystanyň Milli energetika kompaniýasynyň (DABS) başlygy Molla Muhammet Hanif Hamza, Owganystanyň energetika ministriniň orunbasary Molla Abdul Kahir Idris, Hyratyň häkimi şeýh Al-Hadis Maulana Nur Ahmad Islamjar we beýleki birnäçe resmi adamlar gatnaşdylar.
Taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistandan elektrik geçirijisiniň we Nur-ul-Jahad podstansiýanyň gurluşygy baradaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin, iki ýurduň tehniki toparlarynyň işini utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşik geçirdiler. Onuň dowamynda Türkmenistandan Owganysantana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.