Kabul howa menzilinde bolup geçen soňky terrorçylykly hüjümlere Eýranyň gaýtawuly

Kabul howa menzilinde bolup geçen soňky terrorçylykly hüjümlere Eýranyň gaýtawuly

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Kabul howa menzilinde bolup geçen wakalara gaty gynanç bildirip bu terrorçylykly hereketi ýazgardy.

EýranPress habarlar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Owganystanyň goragsyz halkynyň nyşana alynmagyny we aýal-gyzlaryň, erkekleriň, ýaşlaryň we çagalaryň hüjüm astyna alynmagy baradaky terrorçylyk hereketini ýazgardy.

Hatibzadeh şeýle-de gysga wagtda Kabulda ähli owganlaryň gatnaşmagynda döwlet gurulmagy bilen jogapkär organlaryň we edaralaryň halkyň janyny we emlägini goramak üçin jogapkär boljakdygyna umyt bildirdi.

Kataryň Doha şäherindäki "Talybanyň" metbugat sekretary "Muhammet Naim Wardak" şu gün (anna) Al Jazeera telewideniýesine beren interwýusynda Kabul howa menziliniň howpsuzlygy daşary ýurt güýçleriniň jogapkärçiligindedir şoňa görä düýn Owganystanyň Kabul howa menzilinde bolup geçen terrorçylykly hüjümde daşary ýurt güýçleri günäkärdirler diýip yglan etdi.

Penşenbe güni Kabul howa menziliniň golaýynda iki sany terrorçylykly partlamada 13-si Amerikaly harby bolan azyndan 103 adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralandy.

ABŞ-nyň öňki prezidenti Baýdeniň Owganystandaky hereketini ýene bir gezek tankytlady we Kabul howa menziline edilen hüjümi betbagtçylyk diýip atlandyrdy.

Şeýle-de Respublikanlaryň bir topary Kabuldaky ganly partlamadan soň Jo Baýden döwletiniň işinden aýrylmagyny islediler.

DAEŞ terror topary penşenbe güni Telegram hasabynda Kabul howa menzilindäki partlamalaryň jogapkärçiligini resmi taýdan öz üstüne aldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar