
Russiýaly zenan taryhda ilkinji gezek dünýäde bar bolan, beýikligi sekiz müň metrden geçýän belentliklere çykmagy başardy, ol Kabardin-Balkariýanyň ýaşaýjysy Alina Pekowa diýip, MIR 24 habar berdi.
9-njy oktýabrda Alina 29 adamdan ybarat daga münüjileriň hatarynda beýikligi 8027 metr bolan Şişabangma dagyna mündi.
Pekowa Eweresti, Annapurnany, Lhoszeni, Kançenjanguny, Makaluny, Nangaparty, Broud-Piki, Çogorini (2), Gaşerbrum-I we Gaşarbrum-II-ni, Manasluny, Dhaulagirini, Ço-Oýýuny we Şişabangmuny boýun egdirdi diýlip, habarda aýdylýar.