Bu oýnawajyň adynyň bize nätanyş bolmagy mümkin.Kaleýdoskop turba görnüşli optiki enjam bolup, öz aralarynda burç emele getirýän tekiz aýnanyň ýagtylygy serpikdirmesi arkaly şekilleri görkezýär.Kaleýdoskopda görünýän nagyşlaryň mukdary enjamyň içinde oturdylan ikiden dörde çenli ýa-da ondan hem köp bolýan aýna bölekleriniň sanyna baglydyr.
Kaleýdoskop turbasynyň bir ujunda ýalpyldysyz aýna we beýleki ujunda ondan kiçiräk ýalpyldawuk aýna oturdylýar.Turbanyň içine, ýagny aýnalaryň aralaryna dürli ululykdaky gülleriň şekilleri, monjuklar, düwme we başga-da üýtgeşik şekiller ýerleşdirilýär.
Kaleýdoskopy ýagtylyga bakdyryp, onuň öňdäki halkasyny towlamak bilen, şöhläniň birnäçe gezek serpikmegi netijesinde ýerlerini üýtgedýän owadan simmetrik nagyşlary görüp bolýar.Iň gyzykly ýeri hem, bir gören nagşyň gaýtalanmaýar.
Kleýdeskop grekçeden terjime edilende “owadan şekile seredýärin” diýmegi aňladýar.Şotland fizigi Deýwid Brýuster 1816-njy ýylda ýagtylyk bilen bagly geçiren tejribesiniň dowamynda kaleýdoskopy oýlap tapýar.XIX asyryň ortalarynda onuň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýulýar. Şol döwürler meşhurlygy has-da artyp, Amerikada hem ýaýrap başlaýar. 1870-nji ýylda amerikan alymy Çarlz Buş Ýewropadan getirilen kaleýdoskop oýnawajyny görýär we tiz wagtda ony döwrebaplaşdyrýar.
Onuň ýasan kaleýdoskopy uly bolmadyk gara silindr bilen agaçdan ýasalan ýörite aýlanýan halkadan ybarat bolupdyr. Şeýlelikde, XX asyrda kaleýdoskoplar ulularyň däl-de, çagalaryň güýmenjesine öwrülýär.Wagtyň geçmegi bilen kaleýdoskoplaryň ululyklary we görnüşleri üýtgeýär.
Häzirki wagtda turba görnüşindäki kaleýdoskoplar iň gowy oýnawaçlaryň biri hasaplanýar.Onuň has kiçi çagalara niýetlenen görnüşleri hem bar.Kaleýdoskop çaganyň reňkleri saýgarmak ukybyny, duýgularyny we döredijilikli pikir ýöretmelerini ösdürýär.
Taýýarlan Nargiza Melsowa,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.