4-nji awgustda Jumasaparyň kakasy (Garagalpagystanly etnik türkmen) daşary ýurtlardaky birnäçe aktiwist bilen telefon arkaly habarlaşdy we öz oglunyň işi boýunça “serpmeden gaýdan ýaly” maglumatlar berdi diýip adam hukuklaryny goraýan “Türkmen Helsinki Fondunyň” (THF) başlygy Täjigül Begmedowa we ynsan hukuklaryny goraýjy Witaliý Ponomarýow maglumat berýärler.
2022-nji ýylyň ýanwarynda türk ýörite gulluklarynyň gatnaşmagynda Türkiýede dereksiz ýiten’ Jumasapar Dädebaýewiň işine indi birnäçe aý bäri Daşkentdäki etrap kazyýetleriniň birinde ýapyk ýagdaýda garalýar.
1-nji awgustda geçen kazyýet diňlenşigine onuň kakasyny goýberdiler we ol oglundan bolan wakalaryň käbir jikme-jiklerini öwrendi.
Şeýlede Jumasaparyň kazyýetde aýtmagyna görä, ol Türkiýede tutulandan hem elektroşok ulanylandan soňra huşuny ýitiripdir we gözüni Daşkentde açypdyr.
Serhetden ony huşsuz ýagdaýda geçiripdirler (türk kazyýetiniň zor bilen ýurda alyp gitmegiň gadagandygy barada karary bar, üstesine-de, türk häkimiýetleri deportasiýa faktyny entegem ret edýär) diýip adam hukuklaryny goraýjylar ýazýarlar.
Özbegistanda Jumasapardan galp boýun almalar gazanmak üçin oňa garşy psihotropiki serişdeler ulandylar we olar häzir kazyýetde geçýär.
Mundan başga-da, Jumasaparyň sözlerine görä, 2016-njy ýylda ene-atasynyň öýünden alynan planşet hem özüniňki däl we bular ýaly galplyk onuň telefony üçinem ulanyldy.
Şeýlede ol bu zatlar barada diňlenşige çenli öz aklawjasyna gürrüň berendigini, ýöne, aklawjynyň bu maglumatlary kimdir birine ýetirmekden gorkandygyny habar berdi.
Aktiwiste garşy ýöňkelýän günäleriň jikme-jikleri entek belli däl.
Bar bolan az sanly we elýeterli resminamalara görä, dini faýllary saklamak we ýurda getirmek ýaly köne aýyplamanyň üstüne ýaz aýynda çak bilen, Jumasaparyň Garagalpagystanly protest hereketi bilen gatnaşyklary we öňki prezident Karimow döwründäki ýörite gulluklaryň ýokary derejeli işgärleriniň bikanun hereketlerini paş etmek ýaly agyr günä goşuldy.
Jumasapar öz işine ünsüň çekilmegi üçin adam hukuklaryny goraýjylara ýüzlenmegi kakasyndan haýyş edipdir.
Golaýda Nukusda bolan tolgunşyklaryň fonunda aktiwistiň syýasy aýyplamalary bilen ilteşikli jikme-jikleriň täsirli jemgyýetçilik rezonansy döretmegi ähtimal.
Suduň nobatdaky diňlenşigi duşenbe güni bolar diýip THF-niň başlygy Täjigül Begmedowa we Witaliý Ponomarýow habar berýärler.The post Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.