Jozef Baýden dalaşgärlikden çekildi

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriljek saýlawlara dalaşgär bolmajakdygyny mälim etdi. Bu barada Baýden jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berdi. Ol mundan soňra wezipe möhletiniň dowamynda Prezidentlik wezipesine üns berjekdigini aýtdy. Şeýle hem Baýden dalaşgärlik üçin orunbasary Kamala Harrise goldaw berjekdigini mälim etdi.

81 ýaşly Baýden Prezident bolup zähmet çeken 3,5 ýylynyň dowamynda köp ösüş gazanylandygyny aýdyp, “Demokratiýamyzy sakladyk we goradyk” diýip belledi.

Ol ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde işlemegiň özi üçin iň uly buýsançdygyny aýdyp, saýlaw üçin gaýtadan ýaryşjakdym, emma partiýam we ýurdum üçin yza çekilmegiň has dogry boljakdygy barada netijä geldim” diýdi.

Ol bu gelen karary barada golaýda halkyň öňünde hem söz sözlejekdigini aýtdy.

Golaýda Respublikan partiýadan ýurduň ozalky Prezidenti Donald Tramp dalaşgärligini yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi
Sýuzan Waýls Ak tamyň diwanyna ýolbaşçylyk eder
Harris resmi taýdan dalaşgär boldy
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder