Boks boýunça dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşan tutluşygynda angliýaly Entoni Joşua russiýaly Aleksandr Powetkini ýeňlişe sezewar etdi.Londondaky “Wembli” stadionynda 90 müň janköýeriň şaýatlygynda geçirilen boks agşamynda iki boksçy ilkinji gezek garşylaşdy.
Ilkinji raundlar garşylyklaýyn urgular bilen tamamlandy.Duşuşygyň 7-nji raundynda Joşua güýçli garşydaşyny ilki nokdaun edip, raundyň ahyrynda-da nokaut bilen ýeňmegi başardy.Bu onuň karýerasyndaky 22-nji ýeňşi, 21-nji nokauty diýlip hasaba alyndy. 39 ýaşyndaky Powetkin ilkinji gezek nokaut bolup, 35-nji duşuşygynda 2-nji sapar ýeňildi. Şeýlelikde, bu tutluşykdan soň, Joşua WBA guşagyny goramagy başardy.
Ol IBF, WBO hem-de IBO guşaklarynyň-da eýesidir.Onuň geljek ýylyň 13-nji aprelinde Taýson Fýuri ýa-da Deonteý Waýlder bilen tutluşyk geçirmegine garaşylýar.