Angliýaly Entoni Joşua bilen russiýaly Aleksandr Powetkiniň arasyndaky boks tutluşygynyň geçiriljek wagty mälim edildi.Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu duşuşygy şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Londondaky “Wembley” stadionynda geçiriler.
Häzirki wagtda WBA, IBF hem-de WBO ugurlarynda agyr agramyň çempionlyk guşaklarynyň eýesi bolan 28 ýaşly Joşua aslynda WBC çempionlygy bolan amerikaly Deontaý Waýlder bilen tutluşmak isleýärdi. Ýöne iki boksçy bu barada belli karara gelmändigi üçin bu tutluşyk geljek ýyla süýşürildi.
Boks sportunyň taryhynyň hiç bir döwründe 4 uly guşagy birwagtda özünde saklan boksçynyň ýokdugyny bellesek, onda Joşua bilen Waýlderiň arasyndaky tutluşygyň ähmiýeti has uludyr.Häzire çenli geçiren 21 duşuşygynda-da ýeňilmedik Joşua şolaryň 20-sinde garşydaşlaryny nokauta iberdi. 38 ýaşly Powetkin bolsa, geçiren 35 tutluşygynda 24-sini nokaut bilen — jemi 34 duşuşykda ýeňiş gazandy.
Ol diňe 1 gezek, onda-da eminleriň gelen netijesi boýunça Wladimir Kliçkodan asgyn gelipdi.