Jorja Meloni Italiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişdi

Jorja Meloni Italiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişdi

Italiýada ýokary hümmetsizlenmäniň hem-de energiýa kynçylygynyň meselelerini indi Jorja Meloni çözmeli bolar diýip, MIR 24 ýazýar, düýn, 23-nji oktýabrda täze hökümet başlygy ýurduň öňki premýer-ministri Mario Dragiden däp bolup gelýän nyşany— jaňjagazy kabul etdi.

Bu däbi italiýaly syýasatçylar eýýäm köp ýyllar bäri dowam edip gelýärler, jaňjagazy premýer-ministr Ministrler Geňeşiniň ýygnagyny açmak üçin ulanýar.

Dabaradan soňra Mario Dragi premýer-ministriň resmi diwany bolan hökümet binasyny terk etdi, onuň ornuny Jorja Meloni eýeledi.

Öňňin Meloni we ministrleriň 24-sinden ybarat bolan täze hökümetiň düzümi kasam kabul edip, resmi taýdan işe girişdi.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň mekdep okuwçylaryna ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'
Rowaýaty futbolçy aradan çykdy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Italiýanyň öňki Prezidenti Jorjo Napolitano aradan çykdy