“Buzuň we ataşyň aýdymy” atly romanlar toplumynyň awtory, amerikan ýazyjysy Jorj Martin “Tagtlaryň oýny” serialynyň prikweli (öňi) bolan “Aždarhanyň öýi” atly täze serial barada pikirlerini internetdäki şahsy sahypasynda paýlaşdy.
Ýazyjy täze tapgyryň režissýorlarynyň, ssenariçileriniň we aktýorlar düzüminiň işine ýokary baha berdi, esasan hem, patyşa Wizerisiň keşbini janlandyran Peddi Konsidaýnyň işine haýran galandygyny belledi.
Ol şeýle-de Targariýenleriň uzak taryhyny beýan etmek üçin wagt babatda böküş edilmegini dogry hasaplaýandygyny belledi. Martin öz kitabynda gürrüň beren ähli wakalaryny ekranda beýan etmek üçin 10 bölümden durýan bir möwsümiň azlyk etjekdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, munuň üçin azyndan dört möwsüm gerek bolar.
Amerikan fantast ýazyjysy, ssenarist, prodýuser we redaktor, köp edebi baýraklarynyň eýesi Jorj Martin 1970-80-nji ýyllarda ylmy fantastika, elhençlikler baradaky eserleri, fenteziý žanryndaky hekaýalary we romanlary bilen meşhurlyk gazandy.
1996-njy ýyldan bäri neşir edilýän “Buzuň we ataşyň aýdymy” fantaziýa eseri oňa uly şöhrat getirdi.Soň bu eser “Tagtlaryň oýny” görnüşinde HBO tarapyndan “Buzuň we ataşyň aýdymy” ady bilen surata düşürildi.
Onuň bu eserleri edebiýat tankytçylary tarapyndan “amerikaly Tolkien” diýen tahallusyna eýe bolmagyna getirdi. 2011-nji ýylda “Time” žurnaly Jorj Martini dünýäniň iň täsirli adamlarynyň sanawyna goşdy.