Jorj Baýronyň ýygyndysy

Geçen asyryň başlarynda Angliýanyň Kambriýa graflygyndaky mekdep kitaphanasyndan alnan kitap 113 ýyldan soň yzyna gaýtarylyp berildi.Bu barada Guardian gazeti habar berýär.Birinji jahan urşundan öň mekdep kitaphanasyndan okamaga alnan kitap ahyrsoňy gaýtarylyp berildi diýlip neşirde mälim edilýär.

Bu ýerde gürrüň, 1911-nji ýylda Leonard Ýubank atly okuwçy tarapyndan mekdep kitaphanasyndan alnan Jorj Baýronyň ýygyndysy barada barýar. Şol ýyl ýetginjek mekdebi gutarýar we Oksford uniwersitetine okuwa girýär.

Birinji jahan urşy başlanda, görşüniň pesdigine garamazdan, goşun gullugyna çagyrylýar we 1916-njy ýylyň fewral aýynda frontda aradan çykýar. Ýubankyň gaýtaryp bermegi unudan kitaby Uelsde tapyldy we soňlugy bilen şol mekdep kitaphanasyna gaýtarylyp berildi.

Bu ýygyndy iň köne kitaphana kitaplaryndan biri bolmagy mümkin diýip, Guardian neşiri ýazýar. /* custom css */ .td_uid_15_67373a046600c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a046600c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Baýronyň ýygyndysy 113 ýyldan soň gaýtarylyp berildi
Oksford uniwersiteti Hindistana 500 ýaşly heýkeljigi gaýdyp berer
Gülli Aýyň ganhorlarynyň ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilkinji ýekşenbe günki gazet çykarylýar
Aýyjyk Paddington Britaniýanyň resmi pasportyny aldy