Jonson: "Russiýa 1945-den bäri Ýewropadaky iň uly söweşi meýilleşdirýär" diýdi

Jonson: "Russiýa 1945-den bäri Ýewropadaky iň uly söweşi meýilleşdirýär" diýdi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, BBC kanalyna beren beýanatynda: "Hakykat käbir alamatlar, meýilnamanyň käbir taraplardan eýýäm ozaldan başlamagyndan ybaratdyr" diýip mälim etdi.

Razwedka maglumatlarynyň Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewi basyp almak niýetindedigini görkezýändigini aýdan Jonson, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Günbatar döwletleriniň liderlerine, razwedkanyň Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina diňe gündogardan, ýagny Donbassyň üsti bilen däl, eýsem Belarussiýanyň we Kiýewiň töwereginden sebite girmegi meýilleşdirýändigini aýdandygyny habar berdi.

"Meýilnama 1945-nji ýyldan bäri Ýewropadaky iň uly söweş bolup biler" diýen Jonson, adamlaryň diňe ukrainalylaryň däl, eýsem şol bir wagtda ýaş ruslaryň hem ýitgilerini göz öňünde tutumaklarynyň gerekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy