Jon Wigiň nobatdaky başdan geçirmesi

Ady: “Jon Wik: 3-nji bölüm” (John Wick: Chapter 3 Parabellum); Režissýory: Çad Stahelski; Keşplerde: Keanu Riwes, Halle Berri, Laurens Fişburn, Mark Dakaskos, Asia Keýt Dillon, Lans Reddik, Anželika Hýuston, Iýn MakŞeýn; Prodýuserleri: Basil Iwanik, Erika Li; Ssenariçileri: Derek Kolstad, Şeý Hatten, Kris Kolllins, Mark Abrams; Kompozitory: Taýler Beýts, Joel J.

Riçard; Öndüriji: “Thunder Road Pictures”, “87Eleven Productions”; Paýlaýjy: “Lionsgate”; Dowamlylygy: 131 minut; Görnüşi: uruşly, triller; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe.

Ilkinji 2 bölümi bilen kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Jon Wik” filmleriniň 3-njisi 17-nji maýda ekranlara çykar.Bu filme hem Çad Stahelski režissýorlyk edip, baş keşbi Keanu Riwes janlandyrýar.

Nýu Ýork, Monreal şäherlerinde, Russiýa, Marokko we Ispaniýa döwletlerinde surata alnan kinoda Halle Berri, Laurens Fişburn, Mark Dakaskos dagy dürli keşpleri ýerine ýetirýär.Mundan öňki “Jon Wik” filmleriniň ilkinji 2014-nji ýylda, 2-njisi 2017-nji ýylda tomaşaçylara ýetirilipdi.

Iki film üçin 65 million dollar çykdajy edilipdi.Prokatdan bolsa, 260 million dollar töweregi girdeji gazanylypdy.Bu filmde Jon Wik gaçgak bolup hereket edýär.Sebäbi ol “Continental Hotel”-de jenaýata baş goşýar.

Jon Wike gaçyp, gutulmagy üçin 1 sagatlyk wagt berilýär.Eger-de ol tutulman gaçyp ýetişse, onda onuň öňki etmişleri unudylar, üstesine-de mundan soň, ol erkin bolar…

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekili Daşkende suw baýlyklary boýunça okuwa gatnaşdy
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
Lebapda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi
Islandlar zenan Prezidentiň adamsyna kim diýip ýüzlenmelidigini bilenoklar
Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik tussaglyga höküm edilmegini sorady
Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady