Jon Uik filminiň ýene bir şahasy peýda bolar

Jon Uik filminiň ýene bir şahasy peýda bolar

Jon Uik filmler tapgyrynyň prodýuseri Erika Li onuň ýene bir şahasynyň (spin-off) boljakdygyny habar berdi diýip, Collider neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Biziň surata almak isleýän ýene bir filmimiz bar, ol barada ýene bir-iki aýdan habar bereris. Soňra Balerina 2, Jon Uik 5 we beýleki taslamalar hem bolar diýip, çak edýäris diýip, Li gürrüň berdi. Prodýuser öňdäki spin-offuň jikme-jikliklerini açmady.

Çaklama görä, öňdäki taslamada Jon Uik filminiň gahrymanlarynyň biri barada gürrüň berler.

Öň Lionsgate kinostudiýasynyň ýolbaşçysy Jo Dreýk Jon Uigiň spin-offunyň Ana de Armasyň baş keşbi janlandyrmagynda 2024-nji ýylyň ýazynda ýa tomsunda ekranlara çykjakdygyny habar beripdi. Ol şeýle-de baş keşbi döreden aktýor Kianu Riwz bilen hem hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Mundan başga-da filmdäki esasy wakalaryň geçýän ýeri bolan myhmanhana barada gürrüň berýän adybir Kontinental serialy öňdäki güýzde ekrana çykar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Syýahat etmek üçin iň gowy ýerler
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri