ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde Parlament diplomatiýasy: Dialog abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahatdaky çykyşynda, ozaly bilen, şu bilelikdäki maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Diňe dialogyň üsti bilen, döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan islendik gapma-garşylyklaryň soňuna çykyp bolýandygyny dünýä tejribesiniň subut edýändigine ünsi çekmek bilen, ilçi Jon MakGregor dialogyň ösdürilmeginde parlament diplomatiýasynyň aýratyn uly ähmiýete eýedigini nygtady. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynyň we oňyn başlangyçlarynyň dünýä döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Jon MakGregor: Dialog dürli görnüşlerde we maksatlarda geçirilip bilner. Ýöne dialog köp sanly gapma-garşylyklaryň öňüni almaga ýa-da soňuna çykmaga ukyplydyr.Onuň bes edilýän ýerinde, gynansak-da, gapma-garşylyk ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy öz tejribesinde näçe gapma-garşylyklaryň öňüni alan bolsa, bu oňa diňe dialogyň üsti bilen başartdy diýip, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde dialogyň iň ygtybarly guraldygyny belledi.
Jon MakGregor özüniň köpýyllyk iş tejribesinde dürli halkara forumlara gatnaşandygy, ÝHHG-niň gönüden-göni guramagynda we gatnaşmagynda Türkmenistanda geçirilen dürli derejedäki hem-de görnüşdäki çäreleriň örän oňyn netijeleri berendigi barada durup geçdi.
Şeýle hem ilçi parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýan ynsanperwer başlangyçlar bilen çykyş edýän Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda geçirilýän şu bilelikdäki maslahatyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parlament diplomatiýasyny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.