Türkmenistanyň köp sebitinde howanyň temperaturasy gündizlerine kölegede 40 gradusdan aşýan şu günlerde ilat yzygiderli elektrik kesilmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Tok üpjünçiligindäki bökdençlikleriň ilatyň gündelik durmuşynda döredýän kynçylyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji iýulda Lebapdan, Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.
“Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň ýaşaýjylary soňky birnäçe günüň dowamynda elektrik togunyň yzygiderli kesilmegine duçar boldular. 28-nji we 29-njy iýunda bu sebitlerde birnäçe gezek elektrik togy kesildi” diýip, şäher ýaşaýjylarynyň biri anonim şertde gürrüň berdi.
Türkmenabadyň üçünji kwartalyndaky 26-njy, 27-nji, 32-nji, 33-nji, 34-nji, 39-njy we 50-nji köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň anonim şertde aýtmagyna görä, tok üpjünçiligindäki bökdençlikler elektron enjamlarynyň hatardan çykmagyna getirýär.
“Naprýaženiýe käwagt peselýär we birden 220 woltdan ýokary çykýar. Bu bolsa elektrik enjamlarynyň köýmegine getirýär” diýip, ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Ýaşaýjylar elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleriň çözülmegi üçin şäheriň elektrik üpjünçiligi edarasyna we häkimlige eýýäm birnäçe gezek ýüz tutandyklaryny, emma ähli arzalaryň jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.
Şäheriň elektrik üpjünçiligi edarasynyň resmileri toguň yzygiderli kesilmeginiň sebäbi barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýän mahaly, edaranyň bir işgäri “esasy meseläniň köne transformatorlaryň hatardan çykmaklygy we Hytaýdan getirilýän täze transformatorlaryň hiliniň pes bolmagy” bilen baglanyşykly.
“Şu günler howanyň aşa yssydygy sebäpli, ýaşaýjylaryň tas ählisi sowadyjy enjamlaryny, split-ulgamlaryny işledýärler. Şäheriň transformatorlaryny tas ählisi köne bolup, olar doly täzelenmäge mätäç bolansoň, bular ilatyň elektrik üpjünçiligindäki talabyny ödäp bilmeýärler. Hytaýdan satyn alnan transformatorlar hem oňa çydap bilenok. Netijede, olar hatardan çykyp, ilatyň tok üpjünçiliginde bökdençlik döreýär” diýip, elektrik hünärmeni anonim şertde habarçymyza aýtdy.
Soňky hepdelerde Ahal welaýatynda hem elektrigiň kuwwaty juda pes bolup, ilat gündelik durmuş üçin zerur bolan elektron enjamlarynyň köpüsini ulanyp bilmeýär.
“Pes kuwwatly elektrik üpjünçiligi sowadyjy, spli-ulgamy, suw ýyladyjy ( boýler) ýaly enjamlary işletmäge ýeterliksiz bolýar. Bu ýakyjy yssy howada welaýatyň Tejen, Duşak ýaly şäherlerinde we obalarynda ilat äpişgelerine, gapylaryna galyň tutulary germäp, günüň gönümel şöhlesinden goranmaga çalyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ilatyň “Ahalenergo” önümçilik birleşigine dowamly we köpçülikleýine edýän arzalary oňyn netije bermeýär.
Ýöne birleşigiň resmileri ýaşaýjylara dilden berýän düşündirişinde ilkinji nobatda Aşgabat, Arkadag, Gökdepe şäherlerini, şeýle-de Gökdepe etrabyny we onuň obalaryny elektrik energiýasy bilen päsgelçiliksiz üpjün etmek barada ýurduň Energetika ministrligi tarapyndan görkezme berlendigini aýdýarlar.
“Daşary ýurt ilçihanalary, konsullyklar, BMG-niň we ÝHHG-niň wekilleri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň döwlete gözegçilik edip bilmeýändiklerine şübhelenmezligi üçin, esasy üns paýtagty durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge gönükdirilýär. Ony Arkadag şäheri we Gökdepe yzarlaýar” diýip, elektrik hünärmeni anonim şertde habarçymyza aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitleriň elektrik üpjünçilik edaralaryndan telefon arkaly resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky bir aýdan gowrak wagt bäri yzygiderli elektrik kesilmeleri hasaba alynýar. Mundan iki hepde çemesi ozal, Marydaky habarçylarymyz tok üpjünçiliginde ýüze çykan dowamly bökdençlikleriň baýram mynasybetli gurbanlyk sadakalaryny berýän ýaşaýjylaryň rahadyny bozandygyny habar berdi.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýyllarboýy gaýtalanyp gelýän, hususan-da, tomsuň jokrama yssy we gyşyň aýazly günlerinde has-da ýitileşýän bu problema barada mesele gozgamaýarlar.
Öz ýurdunyň ilatyny elektrik togy bilen kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýän Türkmenistan Özbegistana, Eýrana, Owganystana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.