Jo Baýdeniň Demirgazyk Koreýanyň lideri tarapyndan tankytlanmagy

Jo Baýdeniň Demirgazyk Koreýanyň lideri tarapyndan tankytlanmagy

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çuň Un ABŞ-nyň Phenýana garşy alyp barýan pozisiýasyny henizem duşmançylykly atlandyrdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri şeýlede, Waşingtonyň bu duşmançylykly syýasatynyň dowam edipdurandygyny aýtdy.Donald Trumpyň döwründäki ABŞ-Demirgazyk Koreýa gatnaşyklarynyň bal aýynyň gutarmagy bilen, Phenýan häzirki wagtda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy diýlip atlandyrylýan güýçli päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýar.Amerikanyň respublikanlary Jo Baýdeniň syýasatyny ,Barak Obamanyň prezidentlik döwürindäki strategiki sabyr diýilýän syýasata gaýdyp gelmegi hökmünde görýärler.

Demirgazyk Koreýanyň nukdaýnazaryndan ,Donald Trump, ýumşak ellerini ,Koreýa ýarym adasynyň krizisini çözmekde Phenýana tarap uzatmady,şeýlede Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen baglaşan şertnamalaryny hem durmuşa geçiredäldir.Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ,Trump-y Waşingtonyň Demirgazyk Koreýa edýän basyşyny ýeňilleşdirmekde we bu ýurduň raketalyk we ýadrolyk pozisiýasyny güýçlendirmekde aýyplaýar.

ABŞ-ly syýasy bilermen Simon Louise , Trump döwründäki Amerikanyň, Demirgazyk Koreýany ýadro ýarag programmasyndan ýüz öwürmäge yrmak baradaky tagallalarynyň çykalgasyz ýagdaýa girendigini we Jo Baýdeniň Phenýana garşy netije bermejek syýasaty ýöredýändigine ynanýar.

Syýasy nukdaýnazardan seredilende, Demirgazyk Koreýanyň Hytaýyň Gündogar Aziýadaky ýaranydygyny nazara alsaň, Waşingtonyň Pekine bolan garaýşy Phenýanyň pozisiýasyna hem täsir edýär.Köp adamlar Amerikanyň ,Trump döwründäki gepleşikleriniň ýa-da Demirgazyk Koreýa harby we sanksiýalar basyşyny bermeginiň maksatlarynyň birisi bu ýurdy,Hytaýdan uzaklaşdyrmak synanyşygy diýip hasaplaýarlar.

Her halda, Demirgazyk Koreýanyň soňky raketalyk synagy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Howpsuzlyk Geňeşiniň Phenýana basyşy ýokarlandyrmak üçin gyssagly ýygnagy geçirmekde gowy mümkinçilik döretdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Phenýanyň haýwanat bagyna ýolbars we aýy sowgat berdi
Demirgazyk Koreýa boýun aldy. Türkmenistan ýer togalagynyň hamana, COVID-19-dan azat ýeke-täk ýurdy bolup galdy
Demirgazyk Koreýanyň Balistiki Raketa Synagyny Geçirendigi Öňe Sürüldi
Demirgazyk Koreýa ABŞ-na Hemle Atýar
BMG: "Demirgazyk Koreýa raketa programmasyny özgertmegini dowam etdirýär" diýdi
Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi