ABŞ-yň prezidenti Jo Baýden we birinji hanym Jill Baýden bilelikdäki salgyt deklarasiýasyny neşir etdiler, onda 2021-nji ýylyň girdejisi barada hasabat berilýär. Resminamalar we olara berlen düşündirişler 15-nji aprelde, anna güni Ak tamyň saýtynda çap edildi.
Resmi resminamalara laýyklykda, olar bilelikde 610 müň dollar gazanypdyrlar, onuň 150 müň dollary federal salgyt hökmünde tölenipdir.Habarda girdeji salgydynyň stawkasynyň 24,6% -den ybarat bolandygy bellenilýär.Mundan hem başga, 30 müň dollar Delawer ştatynda salgyt hökmünde tölenipdir, şol ýerde prezidentiň maşgala öý-ojagy bar.
Jil Baýden Wirjiniýa ştatynda ýekebara 2,7 müň dolar salgyt töläpdir. Şeýle-de, prezident we birinji hanym 17 müň dollar töweregi puly dürli haýyr-sahabat işleri üçin harçlapdyrlar. Şonuň ýaly-da, wise-prezident we ikinji jentlmen 2021-nji ýyl üçin federal girdeji salgydy hakynda öz deklarasiýasyny, şeýle hem Kaliforniýa, Nýu-Ýork we ABŞ-yň Kolumbiýa okrugy üçin ştatyň salgyt deklarasiýasyny çap etdiler.
Olaryň 1,7 mln dollardan gowrak pul gazanandyklary habar berilýär. Är-aýal 700 müň dollary salgyt hökmünde töläpdir. 2021-nji ýylda olar 22 müň dollary haýyr-sahabat üçin harçlapdyrlar.
Geçen ýyl Baýdenleriň maşgalasynyň 2020-nji ýylda 600 müň dollar töwerek girdeji gazanandyklary barada habar berlipdi.Amerikanyň prezidentiniň wise-prezident Kamaly Harrise garanda, biraz garybrakdygy bellenipdi.Onuň maşgala girdejisi üç esse diýen ýaly artykdyr.