ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýolagçylaryň arasynda rus hakyna tutma harby topar bolan Wagneriň lideri Ýewgeniý Prigožin hem bolan hususy uçaryň Russiýada ýere gaçmagynyň arkasynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň bolup biljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kaliforniýa ştatynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
Ýolagçylaryň sanawynda rus hakyna tutma harby topar bolan Wagneriň lideri Ýewgeniý Prigožin hem bolan hususy uçaryň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň golaýynda ýere gaçmagynyň üstünde durup geçen Jo Baýden: "Näme bolandygyny doly bilemok, emma geň göremok" diýip belledi.
Uçaryň ýere gaçmagynda Putiniň eliniň bar bolup biljekdigini aýdan Jo Baýden: "Russiýada Putiniň arkasynda bolmadyk örän köp hadysa ýok. Emma wakanyň arkasyndaky meýilnamany biljek derejede maglumatym ýok" diýip aýtdy.
Wagner toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožine degişli Embraer ERJ-135BJ kysymly hususy uçar, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinden Sankt-Peterburg şäherine tarap uçup barýarka, Twer sebitinde ýere gaçypdy. Wakada 3-si uçarman jemi 10 adam ýogalypdy.