Ak Tamyň metbugat sekretary Jennifer Psaki beren ýazmaça beýanatynda: "Prezidentimiz Baýden hökümetlerimiziň, ykdysadyýetlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen 20-24-nji maý aralygynda Günorta Koreýa we Ýaponiýa döwletlerinde saparda bolar" diýip habar berdi.
Saparyň Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň "açyk we azat Hindi-Ýuwaş umman" ýörelgesine ygrarlylygynyň görkezijsi boljakdygyny aýdan Psaki: "Bu sapar 12-13-nji maý aralygynda Waşingtonda geçiriljek ABŞ-ASEAN ýörite sammiti bilen birlikde Hindi-Ýuwaş umman bilen 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam eden diplomatiýanyň önümidir" diýip belledi.
Jo Baýdeniň hem Günorta Koreýada hem-de Ýaponiýada kärdeşleri bilen duşuşyk geçirjekdigini aýdan Psaki, geçiriljek duşuşyklarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy ýaly meseleleriň ele alynjakdygyny mälim etdi.
Psaki Jo Baýdeniň Tokio şäherine gurajak saparynyň çäginde Awstraliýa, Ýaponiýa, Hindistan we ABŞ ýaly ýurtlardan ybarat "KUAD" diýip atlandyrylýan toparyň maslahatyna hem gatnaşjakdygyny aýan etdi.