Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi

Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden beýanatyny özüniň sosial media hasabyndan hat arkaly berdi.

Prezident wezipesinde bolan mahaly soňky 3,5 ýylda Amerikada örän uly işleri amala aşyrandygyny aýdan Jo Baýden: "Demokratiýamyzy goldadyk we goradyk" diýip belledi.

Jo Baýden ABŞ-nyň prezidenti wezipesinde bolmagynyň özi üçin buýsanç çeşmesi bolandygyny belläp: "Ýaňadandan saýlaw ýaryşyna gatnaşmaga niýetim bardy, emma partiýam we ýurdum üçin saýlaw ýaryşyndan çekilmegimiň iň dogy karar boljakdygyna karara geldim. Galan wagt boýunça diňe prezident wezipämi dowam etdirerin" diýip habar berdi.

Karar bilen bagly öňümizdäki günlerde halka ýüzlenip çykyş etjekdigini aýdan Jo Baýden, wise-prezident Kamala Harrise adatdan daşary hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirip, özüni prezident wezipesine dalaşgär hökmünde tassyklandygyny we ony goldaýandygyny mälim etdi.

2020-nji ýyldaky saýlawda wise-prezident dalaşgärligi üçin Kamala Harrisi saýlamagynyň iň gowy karar bolandygyny aýdan Baýden: "Şu gün hem Kamala partiýamyzyň dalaşgäri bolmagy üçin doly ýagdaýda goldaw berýärin we tassyklaýaryn" diýip aýan etdi.

Kamala Harris Demokrat partiýanyň Milli kongresinde delegatlardan ýeterlik derejede ses alan halatynda Demokratlaryň resmi dalaşgäri bolar.

Ýurduň ozalky prezidenti we Respublikan partiýanyň dalaşgäri bolan Donald Tramp bolsa: "Jo Baýden prezident wezpesine dalaşgär bolmak üçin hiç wagt laýyk däldi we ýagdaýy prezident wezipesini dowam etdirmägede amatly däldi" diýip beýan etdi.

Donald Tramp Jo Baýdeniň saýlaw ýaryşyndan çekilýändigini aýan etmeginden soň, Social Truth atly sosial media hasabyndan beýannama berdi.

Jo Baýdeniň 2020-nji ýylda "ýalanlaryň we ýalan habarlaryň" saýasynda prezident saýlawynda üstünlik gazanandygyny öňe süren Tramp, lukmanynyň we töweregindäkileriniň onuň prezident bolup bilmejekdigini bilýändigini habar berdi.

Donald Tramp: "Baýden hiç wagt prezident bolmaly däldi" diýip belläp, onuň prezident wezipesinde bolan mahaly ýurda uly zyýan ýetendigini aýtdy.

"Jo Baýden prezident wezpesine dalaşgär bolmak üçin hiç wagt laýyk däldi we ýagdaýy prezident wezipesini dowam etdirmägede amatly däl" diýip aýdan Donald Tramp, Jo Baýdeniň ýurda ýetiren zyýanyny tiz wagtda dikeltjekdigini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Jozef Baýden dalaşgärlikden çekildi
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar
Amerikan Saýlawy
Harris raýatlaryň goldawy boýunça Trampdan öňde barýar