Baýden remezan aýy mynasybetli beýannama çap etdi.
ABŞ-daky we dünýadaki musulmanlaryň oraz aýyny gutlan Baýden; “Şu mukaddes parasatlylyk döwründe ABŞ, kynçylyklara we weýrançylyklara sezewar bolan musulman halklara goldawymyz dowam eder. Soňky güýçli ýer titremelerde köp sanly raýatlary pida bolan Türkiýäniň we Siriýanyň halklary bilen geçen tomus sil betbagtçylygyndan soň dikeldiş işlerini alyp barýan Pakistanyň halky bilen arkalaşygymyz dowam eder” diýdi.
Baýden dini ynanç azatlygyna hem ünsi çekip; “Ýaranlarymyz bilen bilelikde, Hytaý Halk Respublikasyndaky uýgurlar, Mýanmadaky rohingiýalylar we dünýäniň çar tarapynda ejir çekýän beýleki musulman halklar bilelikde basyşa sezewar bolýan musulmanlar bilen arkalaşýarys” diýdi.
Ylymdan we tehnologiýadan sungata we akademiýa, hukukdan we lukmançylykdan, söwdadan býurokratiýa musulman amerikalylaryň ýurdam goşýan goşandyna ünsi çeken Baýden, bu çäkde deň hukukly, adalatly we hoşniýetli millet gurmak hakyndaky wadasyny ýene-de bir gezek nygtady.
Baýden ABŞ-daky we dünýäniň ähli musulmanlara ýüzlenip, oraz aýynyň asuda we bereketli geçmegini arzuw etdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem beren beýannamasynda musulman dünýäsindäki ýaranlaryna çuňňur hormatyny ýetirip; “Hem ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bütin adamlar üçin din azatlygyny goldamaga dowam edýäris. 1,8 milliard musulmana remezanyň bereketli geçmegini arzuw edýäris” diýdi.